Ysraýylly esgerleriň Gazadaky ýitgileri dowam edýär

Ysraýylly esgerleriň Gazadaky ýitgileri dowam edýär

Ysraýylyň goşuny tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, 14-nji brigadanyň 87-nji batalýonynyň düzüminde bolan Zahariýa Pesah Haber bilen Ýair Katsyň Gaza zolagynyň demirgazygyndaky çaknyşyklarynda öldürilendigi mälim edildi.

Ysraýylyň goşunynyň internet saýtynda berilen habarlara görä, 7-nji oktýabrdan bäri 190-y gury ýer basyp alyşlyk tapgyrynda bolmak bilen jemi 525 ysraýylly esger öldürildi.

Hamasa garşy söweşde agyr ýitgiler çeken Ysraýyl Gaza zolagyndaky 4 diwiziýanyň birini yzyna çekmek barada karar kabul etdi, Gaza zolagynyň demirgazygynda bolan 36-njy diwiziýanyň harby birikmä gaýdyp barjakdygy mälim edildi.

Kassam topary "Palestinalylara we Aksa metjidi başda bolmak bilen mukaddes gymmatlyklara garşy dowamly häsýetde amala aşyrylan düzgün bozmalara garşylyk görkezmek" üçin Ysraýyla garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda hüjüm gurapdy.

Ysraýylyň goşuny bolsa oňa jogap hökmünde harby uçarlary bilen Gaza sektoryna garşy "Demir Gylyçlar" ady bilen operasiýa başladandygyny beýan edipdi.

Ysraýylyň Gaza sektoryna garşy 7-nji oktýabrda başladan hüjümlerinde şu günki güne çenli öldürilen palestinalylaryň sany 24 müň 448 adama ýetdi.

Çaknyşyklara berilen ynsanperwer arakesmede 81 ysraýylly we 240 palestinaly ikitaraplaýyn häsýetde azat edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Erdogan: “ABŞ-nyň Gaza Meselesinde Gün-Tertibine Getiren Teklibiniň Biziň Üçin Ähmiýeti Ýok”n
Gaza Ýene-de 22 Palestinalynyň Jesedi Tapyldy
Ysraýyl 500 günden bäri Gazada genosid söweşini dowam etdirýär
ABŞ bilen Saud Arabystany Gaza meselerini ara alyp maslahatlaşdy
Ysraýylyň çäklendirmeleri ynsanperwer kömeginiň diňe 30 göteriminiň Gaza ýetirilmegine sebäp bolýar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär