Ysraýylyň Diaspora Ministri; “Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bize dönüklik etdi”

Ysraýylyň Diaspora Ministri;  “Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bize dönüklik etdi”

Ysraýylyň Kanal 14 teleýaýlymyna beýannama beren Diaspora ministri Amihaý Çikli, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Ysraýylyň ylalaşyga garamazdan Gaza guraýan hüjümlerini dowam etdirmegine garşylyk görkezendigini we Makronyň bu tutumynyň özlerini biynjalyk edendigini aýtdy.

Ministr Amihaý Çikli, “Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bize dönüklik etdi”diýdi.

Ysraýylyň alyp barýan syýasatlaryna Fransiýada aşa sagçy Milli jebislik partiýasy RN-nin goldaw berýändigini aýdan Amihaý Çikli, Halkara Jenaýat kazyýetiniň we Halkara Adalat diwanynyň Ysraýyl hakynda kabul eden kararyna garşydygyny belledi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza guraýan hüjümleri sebäpli 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Palestin döwletini ykrar edýändiklerini mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Halkara jemgyýetçiligi ABŞ-nyň Wenesuela guran hüjümine garşylyk görkezýär
Kuba: ​​"ABŞ-nyň mümkin bolan harby hüjümine taýýarlyk görýäris” diýdi
Daşkentde Gündogaryň merjeni ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
ESPN APL-iň şu möwsümdäki iň gowy transferini aýtdy
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
FIFA Katar 2022-niň eminlerini mälim etdi, zenan eminler hem çagyryldy