Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri arakesmesiz ýagdaýda dowam edýär

Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri arakesmesiz ýagdaýda dowam edýär

Ysraýylyň Gaza garşy howadan, gury ýerden we deňizden arakesmesiz ýagdaýda dowam etdirýän hüjümleri eýýäm 24 gün bäri dowam edýär. Sebitde pida bolanlaryň sany 8 müň adamdan, şikes ýetenleriň sany bolsa 20 müň adamdan geçdi.

Hassahanalary hem nyşana almakdan çekinmeýän Ysraýyl goşuny Gazadaky Iýerusalim hassahanasynyň töweregine raketalar bilen hüjüm gurady, Indoneziýa hassahanasynyň töweregini hem bombalady. Ysraýylyň goşuny Iýerusalim hassahanasyny nyşana almak bilen hemle atýar.

Asuda ilatyň ýaşaýan binalary nyşana alynyp, hüjüm guralan düýn gijeki hüjümlerde ýene-de ençeme adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy habar berildi.

Ysraýylyň hüjümlerinde Gazada hyzmat berýän Türkiye-Palestina Dostluk hassahanasynada zyýan ýetdi.

Gazadaky rak keseli bilen kesellän adamlaryň bejergi alýan ýeke täk hassahananyň Türkiye-Palestina Dostluk hassahanasydygyny aýdan Hassahananyň müdüri lukman Subhi Sekkik, hassahananyň goralmagy üçin Türkiyeden kömek sorady.

Beýleki tarapdan Gazada ýaýlyma berilýän Al-Aksa telewideniýe kanaly, Ysraýylyň hüjümlerinde ak fosfor bombasyny ulanmaga dowam edýändigini mälim etdi.

Ysraýylyň goşuny 7-nji oktýabrdan bäri Gazada 200 müňden gowrak ýaşaýyş binasyny nyşana alyp, hüjüm gurady. 80 hökümet binasy, 47 metjit, 3 buthana we 203 mekdep Ysraýyl tarapyndan bombalandy. 12 hassahana we 32 saglygy goraýyş edarasy hüjümleriň netijesinde ýumruldy.

Gaza sektoryna ynsanperwer kömekleriň girmegi bolsa çäkli ýagdaýda dowam edýär. Müsüre açylan ýeke täk gümrük geçelgesi bolan Refah gapysyndan ýene-de 24 ýük ulagy Gaza girdi. 7-nji oktýabrdan bäri Gaza giren ýük ulaglarynyň sany 114-e ýetdi.

Beýleki tarapdan bolsa Ysraýyl Hamasyň elindäki ýesirleriň sanynyň 239 adamdygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Gazada ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Hamas, Ysraýyla Degişli 100 Ulagy Hatardan Çykardy
Türkiýe, Ysraýylyň Palestinadaky Gyrgynçylygyna Garşy Diplomatiýa Taýdan Uly Tagalla Edýär
Gazada Ynsanperwer Kömekleri Halka Paýlanyp Bilinmeýär
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Gaza Sektorynda Öldürlen BMG-nyň Işgärleriniň Sany 189-a Ýetdi