Ysraýylyň Gaza guran soňky hüjümlerinde ýene-de 81 palestinaly ýogaldy

Ysraýylyň Gaza guran soňky hüjümlerinde ýene-de 81 palestinaly ýogaldy

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 285 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza garşy guran hüjümlerinde ýene-de 81 palestinalynyň ýogalandygy, 198 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 38 müň 794 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 89 müň 364 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Ysraýylyň Gaza hüjümlerini we atyşygy bes etmek baradaky düzgüni bozmagyny ýazgarýar
Türkiýe Ysraýylyň Gaza kömek flotiliýasyna çäre görmegini "garakçylyk" hökmünde häsýetlendirdi
Erdogan Makron bilen Eýrandaky ýaraşygy, Liwany we Gazany ara alyp maslahatlaşdy
Hamas: Tussaglara rehimsiz gynamalar uruş jenaýatydyr
Hakan Fidan Gazanyň Dolandyryş komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
Ysraýylyň Gazada guran hüjümlerinde alty adam ýogaldy
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýene-de iki palestinaly ýogaldy