Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär

Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda, Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy eýýäm 184 gün bäri dowam edýän hüjümleri barada maglumat berildi.

Beýanatda Ysraýylyň goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza zolagyna guran hüjümlerinde ýene-de 38 palestinalynyň ýogalandygy we 71 palestinalynyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümlerinde azyndan 14 mň 500-i çaga, 9 müň 560-y zenan bolmak bilen 33 müň 175 palestinaly öldürildi, 75 müň 886 palestinaly ýaralandy.

Beýanatda mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklaryň aşagynda we ýoluň gyralarynda ölen palestinalylaryň bardygy, emma Ysraýylyň harby güýçleirniň päsgel bermegi sebäpli saglygy goraýyş we raýat goranyş toparlarynyň olary ýygnap bilmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 34 müň 596 adama ýetdi
Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 34 müň 488 adama ýetdi
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýyl 215 Günden Bäri Gazany Bombalaýar