Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär

Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri, ýagny 465 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada amala aşyran 2 aýry gyrgynçylygynda ýene-de 19 palestinalynyň ýogalandygy, 71 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 46 müň 584 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 109 müň 731 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Ysraýylyň Gaza hüjümlerini we atyşygy bes etmek baradaky düzgüni bozmagyny ýazgarýar
22-nji Bahmanyň ýol ýörişine gatnaşyjylarýň “Imam Hameneýden hemaýatlary"
Türkiýe Ysraýylyň palestinli tussaglylar üçin girizen ölüm jezasyny ýazgardy
Türkiýe Ysraýylyň Gaza kömek flotiliýasyna çäre görmegini "garakçylyk" hökmünde häsýetlendirdi
Türkiýe Kongo Demokratik Respublikasyna gynanç bildirdi
Nigeriýa terror guramasy Boko Harama garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär
Daşary işler ministri Hakan Fidan, ÝB-niň Giňelmekden jogapkär ýokary wekili bilen duşuşdy