Ysraýylyň Hüjümleri, Liwanyň Saglygy Goraýyş Merkezlerine Zeper Ýetirýär

Ysraýylyň Hüjümleri, Liwanyň Saglygy Goraýyş Merkezlerine Zeper Ýetirýär

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Ysraýylyň 23-nji sentýabrdan bäri Liwana guraýan hüjümleri sebäpli 317 saglygy goraýyş merkezinden 37-niň ýapylandygyny mälim etdi.

Gurama tarapyndan berlen beýannamada, saglygy goraýyş merkezleriniň nyşana alynmaly däldigi nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň hüjümleri sebäpli döwlet eýeçiligindäki 37 saglygy goraýyş merkeziniň ýapylandygy bellenildi.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýapylan saglygy goraýyş merkezleriniň esasy böleginiň Liwanyň Ysraýyl serhedinde ýerleşýändigine üns çekildi.

Hizbullah bilen 8-nji oktýabrdan bäri gözegçilikli ýagdaýda çaknyşýan Ysraýylyň harby goşuny, 23-nji sentýabrda Liwanyň günortasynda ýerleşýän şäherler bilen birlikde Bekaa we Baalbek etrapçalaryna ýüzlerçe howa hüjümini gurady.

Liwanly ýolbaşçylar howa hüjümlerinde 748 adamyň ýogalandygyny, 150 müňe golaý adamyň hem öýüni terk edendigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl ylalaşygyň möhlediniň uzaldylandygyna garamazdan Liwana hüjüm gurady
Ysraýyl Liwanyň günortasynda ýerleşýän 12 obanyň boşaldylmagyny isledi
Ysraýylyň Liwana guran soňky hüjümlerinde 6 adam ýogaldy
Ministr Fidan eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Hakan Fidan: “Eýran bilen Amerika ylalaşygy dowam etdirmeli”
Prezident Rejep Taýyp Erdogan Liwan Respublikasynyň Prezidenti Jozef Oun bilen duşuşdy
Rubio: “Tramp Türkiýede geçiriljek NATO-nyň liderler sammitine gatnaşar”