Ysraýylyň ylalaşyga garamazdan Liwana guraýan hüjümlerinde 18 adam ýogaldy

Ysraýylyň ylalaşyga garamazdan Liwana guraýan hüjümlerinde 18 adam ýogaldy

Ysraýylyň harby goşuny 17-nji maýda möhledi 45 gün uzadylan ylalaşyga we ABŞ bilen Eýranyň arasynda gazanylan ylalaşyga garamazdan Liwanyň günortasyna guraýan hüjümlerini dowam etdirdi.

Liwanyň resmi “NNA” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ysraýyla degişli harby uçarlar düýn gije Nebatiýe şäheri bilen birlikde birnäçe ýeri nyşana aldy.

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannama görä, düýn gijeden bäri Ysraýylyň guraýan hüjümlerinde ilkinji kesgitlemelere görä 18 adam ýogaldy, 33 adam hem ýaralandy.

Liwanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä, ýogalanlaryň arasynda zenanlar we çagalar hem bar.

Ysraýylyň harby goşunyndan berlen beýannamada, Ysraýyla degişli harby uçarlaryň düýn gijeden bäri Hizbullaha degişli ýerleri nyşana alýandygy öňe sürüldi.

Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda Pakistanyň töwellaçylyk etmeginde geçirlen gepleşiklerde 14-nji iýunda söweşiň bes edilmegi we taraplaryň arasyndaky kynçylyklaryň gepleşik arkaly çözülmegini göz öňünde tutýan 14 maddalyk ylalaşyk teswirnamasyna gol çekişilipdi.

Ylalaşyk Liwan bilen birlikde ähli frontlarda söweşiň bes edilmegini, Ormuz bogazynyň açylmagyny we ABŞ-nyň Eýrana goýan deňiz gabawynyň bes edilmegini hem öz içine alýar.

Ýene degişli makalalar

Arakçi Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümleriniň bes edilmegini isledi
Eýran: Liwan urşuny bes etmek ugrundaky tagallalarda öňegidişlikler edildi
Türkiýe durnukly parahatçylyga goşant goşar
Eýran: Sebitiň howpsuzlygy, ABŞ-nyň bu ýerden çekilmegi bilen üpjün edilip bilner
Ormuz bogazyndan soňky 24 sagatda 33 gämi geçdi
Hakan Fidan eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi