Yssy howa dowam edýär, ilat arasynda saglyk şikaýatlary köpelýär

Yssy howa dowam edýär, ilat arasynda saglyk şikaýatlary köpelýär

Lebap welaýatynda 26-njy iýulda howanyň temperaturasy gündiz 46 gradusa ýetdi. Sebitde dowam edýän yssy howa energetika desgalaryna agram salýar, saglyk şikaýatlary bilen ýerli hassahanalara ýüz tutýan adamlar köpelýär. Bazarlardaky gök-bakja önümleri yssy howada zaýalanýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bir gün ozal gündiz 46 gradusa ýeten howanyň temperaturasynyň 27-nji iýula geçilen gije 32 gradusa, irden sagat 6:00 töwereklerinde bolsa, 30 gradusa düşendigini habar berdi. Howa gündizlerine gyzýar, gijelerine gowşaýar, ýöne gowşanda-da termometrler howanyň temperaturasyny 30 gradus töwereklerinde görkezýär.

Yssy howa dowam edýän mahaly, ýaňy-ýakynda öňki Farap etrabynyň Hojakanepsi obasynda bir transformator ýanypdyr. Hususan-da, oba ýerleriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi köne desgalar arkaly ýola goýulýar. Bu ýagdaý adatdan daşary howada kadaly üpjünçiligi bökdeýär.

“Ýangyn gullugy gelip ýetişýänçä transformator doly ýanyp gutarypdyr” diýip, ýangyndan habarly ýaşaýjy aýdýar.

Yssy howa adamlaryň jan-saglygyna ýaramaz täsir edýär. Lebap welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli lukman soňky wagtlarda, yssy howanyň ýaramaz täsirleri zerarly, hassahanalaryň Tiz kömek bölümlerine ýüz tutýan adamlaryň köpelýändigini gürrüň berdi.

Lukmanlara görä, aşa ýokary temperaturalar howanyň düzümindäki kislorod mukdaryny pese gaçyrýar. Şeýlelikde, yssy howa dowam edýän mahaly, Lebapda gan basyşy bilen bagly şikaýatlar bilen Tiz kömege ýüz tutýan adamlar köpelýär.

Ýöne diňe gan basyşy bilen bagly şikaýatlar däl, lukmanyň sözlerine görä, yssy howada bazarlarda saklanýan gök-bakja önümleri zaýalanyp, olary sarp edýän adamlaryň arasynda içgeçme we iýmit zäherlenmesi ýaly keselçilik hasaba alynýar.

“Bazarlarda satylýan gawun-garpyz yssy howada zaýalanýar. Köp adam zaýalanan gawun-garpyzlary iýip, içgeçme bolýarlar we medisina kömegini alýarlar” diýip, bir lebaply ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Aşa yssy howada göni gün şöhlesiniň astynda saklanýan gawun-garpyzlar wagtyň geçmegi bilen zaýalanýar.

Lebabyň bazarlarynda ýük ulaglarynda satuwa çykarylýan garpyzlar Mary welaýatyndan getirilýän ekeni.

“Bir maşyn garpyz bir hepdede satylyp gutarýar” diýip, bir lebaply ýaşaýjy aýdýar.

Ýöne bazara çykarylýan garpyzlar Mary welaýatynda awtoulaglara ýüklenip, Lebap welaýatynda getirilýänçä, soňra müşderiler tarapyndan satyn alýança birnäçe gün geçýär.

“Adamlar birnäçe günüň dowamynda 42-44 gradus yssyda, ýük ulagynda saklanan garpyzy bazardan satyn alyp, öýe getirip, kesip iýýärler. Yzyndanam içgeçme bolýarlar” diýip, bir lebaply ýaşaýjy gürrüň berdi.

Gawun-garpyzlar göni gün şöhlesiniň astynda saklanmagy halamaýar. Aşa yssy howada günüň şöhlesi has ýiti bolýar.

Bir maşgala lukmany Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde sebitde ýaş çagalaryň arasynda iýmit zäherlenmesiniň köpelýändigini gürrüň berdi.

“Garpyz iýenden soň, iýen garpyzyny gaýtaryp hassahana düşýän ýaş çagalar has köp” diýip, maşgala lukmany gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylaryň aşa yssy howada ýygjamlaşýan saglyk şikaýatlary gök-bakja önümleriniň bazarlarda saklanyş düzgünleri barada aladalary gozgaýar.

Hünärmenler gök-bakja önümleriniň bazarlarda saklanyş düzgünleriniň berjaý edilmelidigini aýdýarlar.

Lukmanlar aşa yssy howada iýmit zäherlenmesi alamatlary bilen, gaýtaryp hassahana düşýän çagalaryň köpelmegini zaýalanan bakja önümleriniň sarp edilmegi bilen baglanyşdyrýarlar.

Şu günler ýurduň beýleki käbir sebitlerinde hem içgeçme we dem alyş ýollary bilen bagly keseller köpelýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary 20-nji iýulda Aşgabatda we Balkanda raýatlaryň arasynda, hususan-da çagalaryň arasynda içgeçme we dem alyş ýollary keselleriniň köpelýändigini habar berdiler.

Häkimiýetler aşa yssy howanyň ýol açýan ýaramaz netijeleri we ilat arasynda artýan saglyk şikaýatlary barada maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Garpyzyň ynsan saglygyna peýdasy
Aşgabatda lebaply suratkeşleriň toparlaýyn sergisi açyldy
Sergi-ýarmarka ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň artýan mümkinçiliklerini görkezýär
Aşgabadyň bazarlarynda resmi bahalar bilen bilelikde nyrh durnuksyzlygy saklanýar
Tomsuň halanýan önümi