8-nji awgustda Aşgabat-Türkmenabat gara ýolunda ir sagat 8.30-da “ZIL” kysymly ýük ulagy bilen çaknyşanda “Toýota Korolla” ýandy.
Ulagdaky maşgala jübüti aradan çykdy we olaryň biriniň ejesini golaýdaky adamlar halas etdiler diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.
Birnäçe adam polisiýa we “tiz kömege” jaň etdi.
Lebap welaýatynyň we Baýramalynyň polisiýasy wakanyň bolan ýerine sagat 10-da bardy. Olar kimiň jogapkärçilik çekýän zonasynda çaknyşygyň bolandygyny kesgitläp bilmediler.
Eger Lebap welaýaty tarapyndan gelseň, onda ýol heläkçiligi Baýramalynyň ýol howpsuzlyk gullugynyň merkezinden 15 kilometr uzaklykda ýerleşýär.
Polisiýa gelýänçä, sürüjiler we ýolagçylar ýangyç söndürijileriň kömegi bilen Toýota ulagynyň ýanmasyny söndürmäge çalyşdylar. Ulagyň yzky oturgyjyndan çykarylan garry ene aýagyndan ýaralanypdyr we onuň bedeni ýanypdyr.
Ony Lebap welaýatyndan gelen “tiz kömek” alyp, ýerli keselhanalaryň birine ýerleşdirdi.
Polisiýa gelenden soňra, olar birnäçe wagtlap goňşy sebitden gelen kärdeşleri bilen gatnaşygyny anykladylar.
Netijede, ýol heläkçiliginiň Mery welaýatynda bolandygy anyklandy. Ölenleriň jesedini Marynyň ölihanasyna alyp gidip, soňra Tejendäki garyndaşlaryna berildi.Maşgaladan kakasy, ejesi we garry enesi Köýtendagda gulluk edýän esger ogluny görmäge barýardylar.Olar ogluna gawun hem alyp barýardylar.The post Ýük ulagy bilen ýeňil ulag çaknyşanda maşgala jübüti aradan çykdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.