Ýüpek ýoly — 2023 rallisinde baýrakly orny eýelän sürüjilerimiz ýurdumyza dolandylar

24-nji iýulda Ýüpek ýoly — 2023 rallisinde Watanymyzyň ýaşyl tuguny belentde parladan sürüji türgenlerimiz ýurdumyza dolandylar.

Ildeşlerimiz ralliden soňra, özleriniň kuwwatly awtoulagynda Russiýa Federasiýasyndan Gazagystanyň üsti bilen 3000 kilometrden gowrak ýoly geçip, Türkmenistan döwletimize geldiler. Babarap ýaşaýyş toplumynyň golaýynda sürüji türgenler uly hormat bilen garşylandy.

9 günüň dowamynda 5228 kilometre barabar menzili külterlän sürüjilerimiz Russiýa Federasiýasynyň 13 sebitini geçdiler. Bu abraýly ýaryşa dünýäniň 23 döwletinden 98 ekipaž (topar) gatnaşdy.

Türkmenawtoulaglary agentliginiň Nissan Patrol awtoulagynda bäsleşen doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler ýaryşyň T2 görnüşinden umumy hasapda ikinji orny eýelemegi başardylar.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenawtoulaglary agentliginiň sürüjisi Maksatmyrat Daňatarow we Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň sürüjisi Didar Orazmedow bu ralli ýaryşyny üçünji orun bilen tamamlamagy başardylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ýüpek ýoly ― 2023 rallisi tamamlandy: türkmenistanly sürüjiler ikinji we üçünji orunlary eýelediler
Türkmen türgenleri Ýüpek ýoly halkara rallisine gatnaşýar
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin seçip alyş işlerini geçirýär, Türkmenistan awiakompaniýasy Milan we Şençžen şäherlerine ýük daşamalaryny amala aşyryp başlar we beýleki habarlar
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy
Sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenleri sylaglanyldy