Ýürekleriň buýsanjy türkmen halysy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň işgärleri “Ýürekleriň buýsanjy türkmen halysy” atly söhbetdeşlik geçirdiler.Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymdan gelýän gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen halysy barada çykyş etdiler.

Ene-mamalarymyzyň döredijilikli zehininden, irginsiz zähmetinden kemala gelen türkmen halysynyň dünýäde deňi-taýy bolmadyk nepis sungatdygyny beýan etdiler.Halyçylyk sungatynyň däpleriniň köp asyrlyk taryhy, şöhratyny häzirki döwre çenli saklap gelşi, dokamak üçin ýüňleriň saýlanylyşy, boýaglaryň taýýarlanylyşy, türkmen tebigatyndan alnan nagyşlar barada gyzykly gürrüň berdiler.

Halkymyzyň milli guwanjy bolan halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen- digini hem buýsanç bilen bellediler.Söhbetdeşlige gatnaşanlar milli mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenilýär
Waspy dünýä dolan türkmen halysy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli...
Halypa-şägirt
09.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi