“Ýüzükleriň hökümdary” serial bolar

Meşhur iňlis ýazyjysy J.R.R.Tolkiniň dünýä belli eseri “Ýüzükleriň hökümdary” (The Lord of the Rings) üçlemesi esasynda serial surata düşüriler.Bu barada “Amazon”, HBO we “Netflix” kompaniýalary köp wagtdan bäri Tolkiniň adyny göterýän gazna bilen gepleşikler geçirip gelýärdi.

Ahyrynda, “Amazon” kompaniýasy Tolkin gaznasy bilen eseriň surata düşürmek hukugy meselesinde 200250 million dollara ylalaşyk gazandy. “Amazon” kompaniýasy “Ýüzükleriň hökümdary” serialyny “Tagt oýunlary”(Game of Thrones) ýaly edip, ekranlaşdyrmagy maksat edinýär.

Munuň üçinem azyndan 300400 million dollar harçlamaly bolar.Piter Jeksonyň surata düşüren üçleme filmi tutuş dünýäde millionlarça tomaşaçynyň uly söýgüsini gazanypdy.Eseriň janköýerleriniň arasynda bu üçlemäniň seriala öwrülmeli däldigini beýan edýänleriň sany az däl hem bolsa, “Amazon” kompaniýasynyň ýolbaşçylary onuň ekranlaşdyryljakdygyny anyk aýdýarlar.

Serial baradaky beýleki maglumatlar öňümizdäki günlerde belli bolar.

Ýene degişli makalalar

10 milliard dollara ýetdi
“Ýüzükleriň hökümdarynyň” awtory birinji orny eýeledi
Aşgabatda oskarly filmleriň sazlarynyň konserti geçirildi