“Yug-Neftegaz Private Limited” OGT-2023 halkara maslahatynyň kümüş hyzmatdaşy boldy

“Yug-Neftegaz Private Limited” OGT-2023 halkara maslahatynyň kümüş hyzmatdaşy boldy

“Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasy 2023-nji ýylyň 25-27-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” (OGT-2023) atly 18-nji halkara maslahatyň we serginiň kümüş hyzmatdaşy boldy.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” (OGT-2023) atly halkara maslahat we sergi birnäçe möhüm mowzuklary ara alyp maslahatlaşmaga gönükdiriler.Maslahatlaşyljak mowzuklaryň biri hem Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky energiýa we maýa goýum mümkinçilikleriniň geljegi bolar. Şeýle hem maslahatyň barşynda “ýaşyl” energiýa we uglewodorod ösüşiniň daşky gurşaw taraplaryna üns berler.

Mundan başga-da, maslahatda tehnologiki innowasiýa we energiýa geçiş döwründe adam kapitalynyň orny ýaly mowzuklar barada pikir alşylar.

OGT-2023 halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin şu güne çenli 23 ýurtdan 180-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy. Şeýle-de bu çärä uly energiýa kompaniýalaryna we guramalaryna wekilçilik edýän ýokary wezipeli spikerleriň gatnaşýandygy tassyklanyldy.

Olaryň arasynda BP kompaniýasynyň Azerbaýjandaky, Gruziýadaky we Türkiýedäki sebitleýin Prezidenti Geri Jons, SPE-iň (nebitçi inženerleriň jemgyýeti) Prezidenti Medhat M.Kamal, Ýewropa Bileleşiginiň Energetika meseleleri boýunça Komissary Kadri Simson, “Baker Hughes” kompaniýasynyň Russiýa we GDA boýunça edarasynyň Prezidenti Ýelena Akolsewa, “GHGSat” kompaniýasynyň Prezidenti Stefan Jermeýn, ADNOC kompaniýasynyň wise-prezidenti Jasper Peýjs we beýleki halkara guramalaryň we energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bardyr.

“Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasy Türkmenistanda uglewodorod ygtyýarnamalaryny we bloklaryny gözlemek we işläp düzmek, nebiti gaýtadan işlemek we söwda etmek, meýdan geofiziki gözleglerini geçirmek, nebit we gaz guýularyny burawlamak, buraw enjamlarynyň kärendesini amala aşyrmak, düýpli abatlamak we önümçiligi güýçlendirmek, şeýle hem nebit we gaz infrastrukturasyny gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, seýsmiki maglumatlary gaýtadan işlemek ýaly dürli ugurlar boýunça iş alyp barýar.

“Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasy 2008-nji ýylda açylyp, kompaniýa şu güne çenli ulanyşdan galan guýulary dikeltmek hem-de täze guýulary burawlamak, 2D we 3D seýsmiki gözlegleri geçirmek ýaly birnäçe taslamalary amala aşyrdy.

2020-2023-nji ýyllar aralygyndaky maglumatlara görä, “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasy buraw işini üstünlikli tamamlady we Demirgazyk Goturdepe ýatagynda çuňlugy 4500-5500 metra deň bolan 22 sany nebit guýusyny işe girizdi. Kompaniýanyň indiki ýyllar üçin meýilnamasy ýylda 10-12 sany guýyny burawlamagy öz içine alýar.

“Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasy dünýäniň dürli sebitlerinde nebitgaz taslamalaryny durmuşa geçirmekde öňdebaryjy orny eýeleýär.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” (OGT-2023) atly halkara maslahat we sergi boýunça has giňişleýin maglumatlar bilen çäräniň web sahypasynda tanşyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

В Ашхабале состоялась Международная конференция по экологическим направлениям ТЭК страны
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty öz işine başlady
Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022” atly halkara sergi geçirilýär
Aşgabatda halkara nebitgaz forumy öz işine başlady