Ýun Sok Ýol Koreýa Respublikasynyň prezidenti hökmünde kasam kabul etdi

Ýun Sok Ýol Koreýa Respublikasynyň prezidenti hökmünde kasam kabul etdi

Sişenbe güni Ýun Sok Ýol kasam kabul edip, Koreýa Respublikasynyň prezidenti wezipesine girişdi. Dabara YTN teleýaýlymy tarapyndan görkezildi. Bu barada TASS habar berýär.

Saýlanan prezidentiň kasam kabul ediş dabarasy ýerli wagt bilen sagat 11:00-da başlady.Ol Koreýa Respublikasynyň Milli ýygnagynyň öňündäki meýdança gelip, kasam kabul etdi.Dabara 40 müňe golaý adam çagyryldy. Ýun Sok Ýol Ştab baştutanlarynyň komitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirip, ýarygije prezident wekilçiligini ýerine ýetirip başlady.

Günorta Koreýada prezident saýlawlary 9-njy martda geçirildi. “Raýat güýjünden” dalaşgär Ýun Sok Ýol 48,56% ses alyp, ýeňiş gazandy.Onuň esasy bäsdeşi, dolandyryjy “Toburo” demokratik partiýasyndan dalaşgär Li Çže Mýona raýatlaryň 47,83%-i ses berdi.

Ýene degişli makalalar

Bild: GFR-iň öňki Kansleri Merkel ýatlamalar kitabynyň galam hakyndan millioner boldy
Russiýanyň demir ýollary (RŽD) Türkmenistanda bilelikdäki kärhanany döretmegi meýilleşdirýär
Şweýsariýanyň Hökümeti berk bitaraplykdan ýüz öwürmekçi
Russiýada mugt magistratura okamaga mümkinçilik berýän halkara olimpiada yglan edildi
Rus pulunyň hümmetiniň peselmegi Türkmenistanda walýutanyň gara bazar söwdasyny 'tolgundyrdy'
Namibiýanyň Prezidenti wezipesine ilkinji gezek zenan saýlandy
Türkmenistan Russiýa gaz eksportyny bes etdi. Bu Özbegistanyň ýangyç ýetmezçiligi kynçylyklaryny çözmäge kömek edermi?