ÝUNESKO-NYŇ BAŞ EDARASYNDA GURAMANYŇ ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞINIŇ 216-NJY MEJLISI GEÇIRILDI

ÝUNESKO-NYŇ BAŞ EDARASYNDA GURAMANYŇ ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞINIŇ 216-NJY MEJLISI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 10-24-nji maýy aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariždäky baş edarasynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirildi. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi strategiki kararlary kabul etmek we işine gözegçilik etmek üçin guramanyň esasy jogapkär düzümi bolup durýar.

Ýerine ýetiriji geňeşiň bu mejlisinde ÝUNESKO-nyň mandaty we ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly dürli meselelere seredildi we ara alnyp maslahatlaşyldy.Mejlise ÝUNESKO-nyň agza döwletleriniň wekilleri, bilermenler we delegatlar, şeýle hem ÝUNESKO-nyň ýokary ýolbaşçylary gatnaşdy.

Iki hepdäniň dowamynda ÝUNESKO üçin möhüm bolan dürli meseleler we onuň medeniýet, bilim we ylym pudagyndaky maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy we karar edildi.

Mejlisde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi gün tertibinde Türkmenistanyň goldawy esasynda we döredijisi hökmünde aşakdaky kararlar tassyklandy:

• «ÝUNESCO-nyň Assosiirlenen mekdepler ulgamynyň 70 ýyllygy: ösüşiň geljegi»;

• «Hemmeler üçin welosiped – durnukly we sagdyn ýörelgeleri goldamak başlangyjy»;

• «Daşkent Jarnamasy we irki ýaşdaky çagalaryň terbiýesini hem-de bilimini özgertmek boýunça çäreleri görmek babatyndaky borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça nobatdaky hereketler».

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GERMAN YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞDY
Aşgabatda RF bilen ÝET, sanlaşdyrma we ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maslahatlaşdylar
Türkmen mediasy RF-a gaz ibermegiň dikeldilendigi barada dymmagyny dowam etdirýär
Türkmenbaşy porty, koreý mekdebi we 5G. Türkmenistanyň we Günorta Koreýanyň prezidentleri gepleşik geçirdiler
Türkmenistanyň we Bahreýniň wekilleri ÝET, syýahatçylyk we “Altyn asyr” köli barada maslahat etdiler
“Ýunaýtediň” taryhy ýeňşi
“Ýunaýtediň” taryhy ýeňşi