ÝUNESKO-nyň mejlisi Samarkantda geçiriler

Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Baş Assambleýasynyň 42-nji mejlisinde 2025-nji ýylda Baş Assambleýanyň 43-nji mejlisiniň geçiriljek ýeri kesgitlendi. Bu gezek ýokary derejeli maslahat Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriler.

Şeýlelikde, 40 ýyldan gowrak wagtdan soňra ÝUNESKO-nyň Baş Assambleýasynyň mejlisi Pariž şäherinden başga bir şäherde guralar.

ÝUNESKO-nyň 42-nji mejlisiniň başlygy Simona-Mirela Mikelesku kabul edilen çözgüdiň uly diplomatik ýeňiş bolup durýandygyny belledi.

Soňky gezek ÝUNESKO-nyň Baş Assambleýasynyň mejlisi 1985-nji ýylda Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinde geçirilipdi.

Ýene degişli makalalar

ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasy Merkezi Aziýada geçiriler
“Italiýa. Arheologiýa. Hytaý”: Beýik Ýüpek ýolunyň geçmişine garaýyş
Muzeý estetiki gurşawly hem-de maşgala bolup dynç alynmaly ýerdir
04.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl
Transfer täzelikleri Iň gymmat 3-nji futbolçy