ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasy Merkezi Aziýada geçiriler

Samarkant 2025-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasynyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlandy. Bu barada Parižde konferensiýanyň 42-nji sessiýasynyň başlygy Simona-Mirela Mikulesku habar berdi. Çäre 1985-nji ýyldan bäri ilkinji gezek guramanyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Pariž şäherinden daşynda geçiriler. 1985-nji ýylda ýylda konferensiýa Bolgariýanyň paýtagty Sofiýada geçirilipdi.

Belläp geçsek, 2021-nji ýylda ÝUNESKO-nyň agza döwletleriniň hiç biri Baş konferensiýanyň 42-nji sessiýasyny geçirmäge çagyrmandy, şonuň üçin onuň geçiriljek ýeri hökmünde Pariždäki ştab-kwartira saýlandy. Öňki konferensiýalar hem (41-nji sessiýa, 39-njy, 38-nji, 37-nji, 36-njy, 35-nji, 34-nji) teklipleriň bolmandygy sebäpli Fransiýanyň paýtagtynda geçirilipdi.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ähli daşary ýurtly dostlaryna we hyzmatdaşlaryna konferensiýany Samarkantda geçirmek baradaky taryhy çözgüdi goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

“Sebitimizde ilkinji gezek geçiriljek bu möhüm global çäräniň Özbegistanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň ägirt uly siwilizasiýa mümkinçiligini dünýä jemgyýetçiligine ýene bir gezek görkezmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýaryn” diýlip, döwlet Baştutanynyň metbugat üçin beýanatynda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

ÝUNESKO-nyň mejlisi Samarkantda geçiriler
Sofiýa: Türkmenistandaky umytsyzlykdan Türkiýedäki agyr işi saýladym
Stambulda 32 ýaşly türkmenistanly ýol hadysasynda heläk boldy
Russiýalylar ýylyň iň gowy aýdymçylaryny agzadylar
Tulada Lew Tolstoýyň we aýalynyň sergisi açyldy
2022-nji ýylda aýallaryň hukuklary: ony nähili bozdular we oňa garşy nähili göreş alyp bardylar