ÝUNISEF-iň wekili türkmen halkyny ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady

ÝUNISEF-iň wekili türkmen halkyny ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýýazi ýurduň ýolbaşçylaryna, halkyna we çagalaryna gutlag hatyny iberdi. Bu barada Neýtralnyý Turkmenistan gazetinde habar berildi.

Ol özüniň gutlagynda geçen ýylyň möhüm wakalaryny hem ýatlady. Hususan-da, 2023-nji ýylda milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde türkmen sanly ses sintezleýjisi işe girizildi, bu programma ilkinji gezek Türkmenistanda görşi pes adamlara türkmen dilindäki hatlara düşünmäge mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak temalary mekdep okuwçylary üçin ekologik bilimiň çäginde tutuş ýurt boýunça başlangyç we orta mekdepleriň okuw maksatnamalaryna girizildi.

Faýýazi ÝUNISEF-iň adyndan Türkmenistanyň Hökümetine we türkmen hyzmatdaşlaryna umumy wezipäni ýerine ýetirmäge goşan goşandy üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

Sözüniň ahyrynda ÝUNISEF-iň wekili türkmen halkyna ýetip gelýän ýylda şatlyk, abadançylyk we jan saglyk, Türkmenistanyň çagalaryna bolsa Täze ýylyň egsilmez gülki, bagt we ajaýyp duýgulary getirmegini arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Diplomatik işgärleriň güni mynasybetli Breýn-ring bäsleşigi geçirildi
Aşgabatdaky robot ýaryşlary we dünýädäki emeli intellekt aljyraňňylygy’
Türkmen wekiliýeti BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy
Halaç etrabyndaky oba saglyk merkezinde Gün energiýa ulgamy gurnaldy
Lebapdaky oba hassahanasynda täze synag gün energiýa ulgamy gurnaldy
Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Türkmenistanyň Bitaraplyk ordeni bilen sylaglanyldy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi şahadatnamalary bermegiň täze tertibini tassyklady we beýleki habarlar