Ýurda gulluk biziň asyl kesbimiz

Ýurda gulluk biziň asyl kesbimiz

Şahyryň bu setirleri serkerdelik ýoluna gadam basýan uçurymlar barada aýdylan ýaly. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Harby akademiýasynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny goýberliş dabarasy geçirildi.

Ykbalyny Watan goragy bilen baglan harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary ilkinji serkerdelik ýoluna gadam basdylar.Dabaranyň başynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine, professor-mugallymlaryna iberen Gutlagy okaldy.

Uçurym bolan harby talyplar dabara meýdançasynda eline Watan goragçysynyň şahsyýetnamasyny, leýtenant harby ady bilen birlikde, jogapkärli hem mukaddes borç alyp, ak ýola rowana boldular. Ýaş serkerdeler ata Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden gulluk etjekdikleri barada kasam etdiler.

Dabara gatnaşyjylar Harby akademiýany we ýokary harby okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlanlary tüýs ýürekden gutladylar. Olara bagtyýar durmuş, mukaddes we jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Milli goşun.

Ýene degişli makalalar

CNPC-niň şahamçasy Türkmenistan bilen işgärleri taýýarlamak pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watanymyzyň gözelligini artdyrmak her bir türkmenistanlynyň watançylyk borjudyr
Milli Liderimiz ählihalk ýowaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi