YUREK TELWASY SAHNADA

YUREK TELWASY SAHNADA

Ýurdumyzyň iň bir baýry sahna öýi hasaplanylýan Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry hem Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda täze sahna eserini taýýarlady.Batyr Batyrowyň ýazan edebi esasy bilen sahnalaşdyrylan aýdym-sazly sahna oýny Ýürek telwasy diýlip atlandyrylýar.

Onda teatryň artistleri, balet tans to- parynyň tansçylary ýokary derejede çykyş edýärler.Döwran Saryýewiň režissýorlyk eden spektaklyny sahnalaşdyrmakda kompozitor Hudaýnazar Amangeldiýew, sahna bezegçisi Perman Döwletow, geňeşçi halypa — Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrow we beýlekiler döredijilikli zähmet çekipdirler.

Sahna eserinde Bägül atly suratkeş gyz tebigaty wasp edýän surat eserlerini döretmek üçin oba gelýär.Obanyň gözel keşbi ony özüne imrindirýär.Bägül myhmançylyga gelen obasynyň ajaýyp ýerleriniň suratyny çekýär. Ýaşlyk ýyllaryndan bäri şähere süýt satmaga gatnaýan Daýanç atly ýigit onuň çeken suratlaryny görüp, gyzyň zehinine göwni ýetýär. Ýigidiň ýüreginde Bägüle bolan üýtgeşik duýgy oýanýar.

Wakalaryň dowamynda oba oglany nakgaş gyzyň göwnüni awlamaga çalyşýar.Olaryň ikisinde hem biri-birine söýgi döreýär.Emma aşyklaryň söýgüsine olaryň maşgalalary garşy çykýar.Bägüliň ejesi gyzyny süýtçi ýigitden daşlaşdyrmak, Daýanjyň ejesi bolsa ogluny Aýna atly obadaş gyzyna öýermek isleýär.

Birnäçe wagtdan soň Daýanç dürli süýt önümlerini öndürýän döwrebap tehnologiýaly kärhana açyp, telekeçilik işiniň başyny başlaýar. Bägül bolsa öz sungat eserleriniň sergilerini gurap, uly üstünlikleri gazanyp, meşhurlyga eýe bolýar.

Ýürek telwasynyň jemlemesi şäherli suratkeş gyzyň we obaly telekeçi ýigidiň biri-birine gowuşmagy bilen tamamlanýar. Wakalaryň yzygiderliliginde hormatly Prezidentimiziň Leýlisaç atly aýdymynyň sazynyň ýaňlanmagy sahna eseriniň joşgunlylygyny we özüneçekijiligini, çeper täsirini has hem artdyrypdyr. Ýiti duýgulara we gyzykly wakalara pürepür täze sahna oýny teatr möwsüminde ilkinjileriň hatarynda tomaşaçylara ýetiriler.

Ýene degişli makalalar

Derde derman datly miwe
Türkmenistanda Türkmentel — 2022 atly XV halkara maslahaty geçirilýär, koreý filmleriniň görkezilişi geçirildi, Atatürküň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasy
Altmyşynjy ýyllaryň 'gyzly' goşgulary twitter döwrüniň kemsitmelerine garşy 'göreşýär'
Pessaý şemaldan energiýa öndürmegiň usuly oýlanyp tapyldy
4-nji oktýabr Bütindünýä haýwanlar güni
Bägüliň ölümine kim günäkär? 6 ýyl öň öz janyna kast eden gyzyň hossarlary adalaty gazanyp bilmeýär
Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň agyr atletika ýaryşlaryna gatnaşjak türkmenistanly türgenler belli boldy