“Ýuwentus” bilen “Atalanta” ýarym finalda

Italiýanyň kubogy ýaryşynda “Ýuwentus” bilen “Atalanta” ýarym finala çykdy.Kubogyň soňky eýesi “Ýuwentus” Turin derbisinde “Torinony” Duglas Kosta (15) we Manžukiçiň (67) gollary bilen 20 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykdan soň, “Torinonyň” tälimçisi Sinişa Mihailowiç wezipesinden boşadyldy. “Napoli” bolsa, öz meýdançasynda “Atalantadan” 21 hasabynda utulyp, ýaryşdan çykdy.Kastanýe (50) we Gomeziň (81) gollaryna Mertensiň (84) pökgüsi ýeterlik bolmady. “Atalanta” bilen “Ýuwentusyň” hem-de “Milan” bilen “Lasionyň” arasyndaky ýarym finalyň birinji oýunlary 31-nji ýanwarda, jogap duşuşyklary-da 28-nji fewralda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji ýeňişler, ilkinji ýeňlişler
Kembek eden “Milan” birinjiligini saklamagy başardy
“Napoli” 3 goragçyny düzümine goşdy
“Atalantadan” “Atlanta”
Meşhur futbolçynyň ogly ilkinji gezek milli ýygynda çagyryldy
“Serie A”-da öňdebaryjy toparlaryň iň kiçi hasaply ýeňişleri
“Serie A”-da 13-nji tapgyrdan soň üýtgän zat ýok