Ýylyň bäş aýynda Türkmenistanda jemi içeki önümiň ösüşi 6,1 göterime deň boldy

Ýylyň bäş aýynda Türkmenistanda jemi içeki önümiň ösüşi 6,1 göterime deň boldy

Ýylyň bäş aýynyň netijeleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,1 göterim artdy. Bu barada döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde aýtdy.

Mejlisde wise-premýer G.Müşşikowyň hasabatynda hem aýdylyşy ýaly, ýurtda 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,3 göterim ýokarlandy.

Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek satuw haryt dolanyşygy 17,5 göterim artdy.

Ýanwar — maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 120,4 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 92,2 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy. Býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen işleriň çäklerinde hasabat döwründe durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy alnyp baryldy.

Wise-premýer döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şu döwürde jemi 52 sany döwlet emlägi hususylaşdyryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Senagat PTB-niň başlygy boldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Karara gol çekildi
Türkmenistanda intellektual eýeçiligiň desgalaryny goramak boýunça Pudagara topary döredildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi