Eýranyň Daşary işler ministri we Kataryň Daşary işler ministri duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi barada pikir alyşdylar.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Kataryň Daşary işler ministri Muhammet Abdul Rahman Al Tani bilen ýekşenbe güni Dohada duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary we sebitleýin we global meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
Eýranyň Katardaky ilçisi Hamid Reza Dehgani Eýran Yslam Respublikasy üçin Katar we Pars aýlagynyň kenarýaka ýurtlary bilen gatnaşyklar gaty möhümdir diýdi.
Şu gün Eýranyň Daşary işler ministri Yrak we Kataryň resmileri bilen duşuşmak üçin delegasiýa ýolbaşçylyk etdi.
Zarifiň Katara we Yraga sapary özara, sebitleýin we sebitaşa gepleşikleriň ösüşiniň çäginde amala aşyrylýar.
