Eýranyň Daşary işler ministri Indoneziýanyň prezidenti bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny we halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Duşenbe güni IRNA-nyň habaryna görä, Muhammet Jawad Zarif Indoneziýanyň resmileri bilen duşuşygyny dowam etdirdi we Indoneziýanyň prezidenti Joko Widodo bilen duşuşdy.
Duşuşykda Eýranyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň iki ýurduň arasyndaky doganlykly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtmak bilen ýadro ylalaşygy saklamak we 2231-nji karary ýerine ýetirmekdäki Indoneziýanyň Howpsuzlyk Geňeşindäki esasy ornuna ýokary baha berdi.
Indoneziýanyň prezidenti hem bu duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhümdigini aýtmak bilen iki ýurduň prezidentleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň Korona ýagdaýyna garamazdan dowam edýändigine kanagatlanma bildirdi.
Ol şeýle-de iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň möhüm mümkinçiliklerine ünsi çekip, bu mümkinçilige ýetmek üçin iki tarapyň arasynda maslahatlaşmagyň zerurdygyny aýtdy we iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösmegini garşy aldy.
Indoneziýa saparynda bolan Zarif şu gün Indoneziýanyň Daşary işler ministri Retno Mersudi bilen hem duşuşdy.
