Zelenskiý hassahanada ýaralanan ukrain esgerler bilen duşuşyk geçirdi

Zelenskiý hassahanada ýaralanan ukrain esgerler bilen duşuşyk geçirdi

Ukrainanyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Ukrainany goran ýaralanan esgerleri bejergi alýan hassahanalarynda zyýarat etdi" diýip habar berdi.

Döwlet baştutanynyň ýaralanan esgerleri haýsy hassahanada zyýarat edendigi bilen bagly maglumat berilmedik beýanatda, Zelenskiýniň bejergi alýan esgerlere: "Tiz wagtda sagalyň. Her kim üçin iň gowy sowgadyň ýeňiş boljakdygyna ynanýaryn" diýip belledi.

Beýleki tarapdan Wladimir Zelenskiý Twitterden beren beýanatynda, Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, Çehiýanyň Premýer ministri Petr Fiala, Slowakiýanyň Prezidenti Zuzana Çaputowa we Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Ýohannis bilen aýry-aýry telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Zelenskiý beren başga bir beýanatynda bolsa, tehnologiýa kärhanalary Microsoft, SAP we Oracle ýüzlenip: "Indi ýarym karar ýa-da ýarym ton bolmaz. Diňe gara we ak bardr, gowy ýa-da erbet. Ýa parahatçylygyň tarapdarydyrsyňyz ýa-da Ukrainaly çagalary we zenanlary öldürmekleri üçin ganly rus agressiýany goldaýarsyňyz. Microsoft, Oracle, SAP Russiýany önümler bilen üpjün etmegi bes ediň, söweşi duruzyň" diýip nygtady.

ABŞ-nyň Microsoft tehnologiýa kärhanasy 4-nji martda Russiýadaky ähli önüm we hyzmat söwdasyny bes edendiklerini beýan edipdi. Orace bolsa 3-nji martda Ukrainadaky söweş sebäpli Russiýadaky operasiýalaryny bes edindiklerini mälim edipdi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy.

Ýene degişli makalalar

“ABŞ bilen Russiýanyň arasynda gazanyljak emma Ukrainany öz içine almaýan ylalaşygy kabul etmeris”
Tramp Putin bilen duşuşyk geçirip biler
Ukrainanyň Prezidenti Ankara geldi
Ukrainanyň Prezidenti Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Ukrainaly kärdeşi Zelenskiý bilen duşuşyk geçirdi
Erdogan Zelenskiý bilen metbugat ýygnagyny geçirdi
Hakan Fidan Ukrainanyň Goranmak Ministri Bilen Duşuşdy