Zelenskiý: "Kramatorsk şäherine raketa bilen hüjüm guraldy" diýdi

Zelenskiý: "Kramatorsk şäherine raketa bilen hüjüm guraldy" diýdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň guran hüjümlerinde Kramatorsk şäheriniň merkezine raketa gaçandygyny, hüjümde asuda ilatdan 1 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň goşunynyň Kramatorsk şäherine raketalar bilen hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Hüjümde şäheriň merkezine raketanyň gaçandygyny aýdan Zelenskiý: "6 ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetdi. 1 adam ýogaldy, azyndan 3 adam ýaralandy" diýip aýan etdi.

Zelenskiý: "Hüjüm ediji döwlet asuda ilata garşy söweşmäge dowam edýär. Ähli zady ýok edýär we öňünde hiç zat goýmaýar. Bigünä adamyň janyny alýan her bir zarba kanuny we adalatly bir jenaýat jezasy bilen netijelenmeli we şol çürt-kesik bolar" diýip belledi.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukrainanyň basylyp alynmagy barada görkezme beripdi, şeýlelik bilen Russiýa-Ukraina söweşi başlapdy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan, Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ukraina Russiýanyň nebit ammaryna dron hüjümini gurady
Witkoff: "Ukrainadaky uruş bilen baglanyşykly gepleşiklerde uly öňegidişlikler gazanyldy" diýdi
Dört ýyldan soň Zelenskiý Ukraina üçin "parahatçylygy we adalaty" wada berdi
Zelenskiý Eýranyň UHU-na garşy çäre görmek üçin ukrain hünärmenlerini Ýakyn Gündogara iberdi
Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerinde bäş adam ýogaldy
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Stambula geldi