Zelenskiý Rus Hüjümleri Hakynda Habarnama Berdi

Zelenskiý Rus Hüjümleri Hakynda Habarnama Berdi

Zelenskiý sosial media hasabyndan beren habarnamasynda Russiýanyň gije Ukraina dron we raketa hüjümini gurandygyny mälim etdi.

Rus goşunynyň Ukraina 60-dan gowrak “Şahed” kysymly dron we dürli görnüşdäki 90-a barabar raketa bilen hüjüm gurandygyny mälim eden Zelenskiý, energiýa desgalarynyň nyşana alynandygyny habar berdi.

Wladimir Zelenskiý; “Dünýä rus terrorçylarynyň nyşanalaryny açyk-aýdyň görýar, energiýa beketleri we üpjünçilik ugurlary, bir sany gidroelektrik bendi, ýaşaýyş jaýlary, bir sany trelleýbus. Russiýa adaty raýatlara uruş yglan etdi. Bu terror sebapli pida bolanlaryň maşgala agzalaryna we hossarlaryna duýgudaşlyk bildirýärin” diýip, ýazdy.

Ukrainanyň Energetika ministri German Galuşenko hem sosial mediadan beren habarnamasynda rus goşunlarynyň Ukrainanyň energetika senagatyna soňky döwüriň iň agyr hüjümini gurandygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Zaporožýe Ýadro Bekedine Hüjüm Guraldy
Russiýanyň Mart Aýynda Guran Hüjümlerinde 400 Görnüşli Raketa Ulanyldy
Zelenskiý, Ysraýyl ýaly Ukrainany hem gorap boljakdygyny aýtdy
Zelenskiý Harby Mobilizlenmäniň Şertleri Hakyndaky Kanuny Tassyklady
Ukrainanyň parlamenti ýurtda harby mobilizasiýa üçin şertleri berkidýän kanun kabul etdi
Ukraina: "Russiýa 5 aýry sebitdäki energiýa desgalaryna hüjüm gurady" diýdi
Zelenskiý Russiýanyň 300 müň esgeri mobilizlejekdigini öňe sürdi