Ukraina: "Russiýa 5 aýry sebitdäki energiýa desgalaryna hüjüm gurady" diýdi

Ukraina: "Russiýa 5 aýry sebitdäki energiýa desgalaryna hüjüm gurady" diýdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, rus goşunynyň Harkow, Kiýew, Zaparožýe, Odessa we Lwow sebitlerindäki energiýa desgalaryna uçarmansyz howa ulaglary we raketalar bilen hüjüm gurandygyny habar berdi.

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň düýn gije 40-dan gowrak raketa we 40 töweregi "Şahed" kysymly uçarmansyz howa ulagyny ulanyp, Ukrainanyň territoriýasyna hüjüm gurandygyny belläp, raketalaryň we uçarmansyz howa ulaglarynyň bir bölegini ot açyp ýere gaçyrmagyň hötdesinden gelendiklerini habar berdi.

Rus goşunynyň Ukrainanyň energiýa desgalaryny nyşana alandygyna ünsleri çeken Zelenskiý: "Harkowa hyýanatçylyk bilen ýene-de bir hüjüm guraldy. Kiýew, Zaparožýe, Odessa we Lwow sebitlerindäki desgalar nyşana alynyp hüjüm guraldy" diýip mälim etdi.

Ukrainanyň Baş ştabyndan berilen beýanatda, Ukrainanyň howa goranyş güýçleri tarapyndan düýn gije 37 uçarmansyz howa ulagynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň, Şu Gün Ukraina Guran Hüjüminde 6 Adam Ýogaldy
Ukrainanyň täze Baş ştabynyň başlygy Aleksandr Syrskiý boldy
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Zaporožýe Ýadro Bekedine Hüjüm Guraldy
Zelenskiý Russiýanyň 300 müň esgeri mobilizlejekdigini öňe sürdi
Russiýanyň Mart Aýynda Guran Hüjümlerinde 400 Görnüşli Raketa Ulanyldy