Russiýanyň, Şu Gün Ukraina Guran Hüjüminde 6 Adam Ýogaldy

Russiýanyň, Şu Gün Ukraina Guran Hüjüminde 6 Adam Ýogaldy

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, Russiýanyň şu gün Ukrainanyň paýtagty Kiýew bilen birlikde Harkow we Pawlograd şäherlerine guran raketa hüjümlerinde azyndan 6 adamyň ýogalandygyny, 73 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

Zelenskiý, sosial mediadan beren habarnamasynda, rus goşunynyň şu gün Ukraina guran hüjümleri hakynda maglumat berdi.

Hüjümlerden soň gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini aýdan Zelenskiý, “Duşmanyň Kiýewe guran hüjüminde 22 adam ýaralandy. Harkowda bolsa terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä, 5 adam ýogaldy, 4-i çaga 51 adam ýaralandy. Harabalygyň aşagyndan 27 adam çykaryldy” diýdi.

Zelenskiý, Pawlograd şäherinde bolsa 1 adamyň ýogalandygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Zaporožýe Ýadro Bekedine Hüjüm Guraldy
Russiýanyň Mart Aýynda Guran Hüjümlerinde 400 Görnüşli Raketa Ulanyldy
Blinken Kiýewe Bardy
Ukraina: "Russiýa 5 aýry sebitdäki energiýa desgalaryna hüjüm gurady" diýdi
Ukrainanyň täze Baş ştabynyň başlygy Aleksandr Syrskiý boldy
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär