Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Russiýanyň Ukrainanyň paýtagty Kiýew we Harkow şäherleri bilen ýurduň günortasyndaky ençeme şähere uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler gurady.

Harkow welaýatynyň gubernatorlygy hüjümlerde 3-si çaga jemi 7 adamyň ýogalandygyny habar berdi. Hüjümde ýangyç doldurylýan beket nyşana alynan hem bolsa, köp sanda öýe zeper ýetdi.

Nikolaýew şäherine garşy guralan howa hüjümlerinde hem 1 adam ýaralandy. Tebigy gaz geçiriji turba zyýan ýetdi.

Ukrainanyň goşuny Russiýa tarapyndan ugradylan 45 uçarmansyz howa ulagynyň 40-synyň hatardan çykarylandygyny mälim etdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi hem soňky 6 günde Ukrainanyň harby senagat ugrundaky elementlerine garşy ýokary takyk ýaraglar we uçarmansyz howa ulaglary bilen 31 aýry hüjümiň guralandygyny beýan etdi.

Ukrainanyň goşunynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary hem üýtgedildi.

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş serkerdesi Waleriý Zalužnyýny wezipesinden boşatdy.

Ukrainada Baş ştabyň başlygy wezipesinden has ýokary wezipe bolan baş serkerdelige Aleksandr Syrskiý bellendi.

Aleksandr Syrskiýniň maslahatyna laýyklykda Anatoliý Bargilewiç, Sergeý Şaptalanyň ýerine Baş ştabyň başlygy wezipesine bellendi.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý rus hüjümleri sebäpli 4 adamyň ýogalandygyny habar berdi
Russiýanyň Ukrainadaky hüjümlerinde alty adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy
Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerinde bäş adam ýogaldy
Russiýanyň hüjümleri sebäpli Ukrainada dokuz adam ýogaldy
Russiýanyň Kiýewe guran hüjümleriniň netijesinde azyndan dokuz adam ýogaldy
Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky hüjümler dowam edýär