Zelenskiý, Russiýany Fosfor Bombasyny Ulanmak Bilen Günäkärledi

Zelenskiý, Russiýany Fosfor Bombasyny Ulanmak Bilen Günäkärledi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýany, Ukrainada fosfor bombalaryny ulanmak bilen günäkärledi.

Zelenskiý, wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Estoniýaly parlamentarlara ýüzlendi.

Wladimir Zelenskiý, “Russiýanyň howa hüjümlerine sezewar bolan şäherlerde häzire çenli 10 müňlerçe adam ýogaldy. Rus güýçleri ilatly ýerleri we infrstrukturany nyşana alýar. Raketaly we bombaly hüjümler guraýar, esasan fosfor bombalaryny we halkara hukuk tarapyndan gadagan edilen ýaraglary ulanýar. Bu, asuda ilata garşy guralan terrorçylykly hüjümdir” diýdi.

Munyň ýönekeýje ýok etmek tagallasy bolandygyna ünsi çeken Zelenskiý, Russiýanyň durdurylmalydygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý, Ysraýyl ýaly Ukrainany hem gorap boljakdygyny aýtdy
Zelenskiý Harby Mobilizlenmäniň Şertleri Hakyndaky Kanuny Tassyklady
Ukrainanyň parlamenti ýurtda harby mobilizasiýa üçin şertleri berkidýän kanun kabul etdi
Ukraina: "Russiýa 5 aýry sebitdäki energiýa desgalaryna hüjüm gurady" diýdi
Zaporožýe Ýadro Bekedine Hüjüm Guraldy
Zelenskiý Russiýanyň 300 müň esgeri mobilizlejekdigini öňe sürdi
Polşada Zelenskiýniň Janyna Kast Etmäge Goldaw Berendigi Sebäpli 1 Adam Tussag Edildi