Zelenskiý Szinpini Ukraina Sapara Çagyrdy

Zelenskiý Szinpini Ukraina Sapara Çagyrdy

Zelenskiý Amerikanyň “Assoşeýted Press” habarlar gullugyna beýannama berdi.

Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpini Ukraina sapara çağyran Zelenskiý, 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýa-Ukraina söweşi başlamazdan ozal Szinpin bilen duşuşyklar geçirendiklerini aýtdy.

Ukrainadaky söweşiň syýasy çözgüdi hakynda Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň çap eden 12 maddalyk resminamasy hakynda durup geçen Zelenskiý; “Biz Szipini bärde görmek isleýäris. Onuň bilen pikir alyşmak isleýärin. Söweşden öň duşuşypdyk. Emma söweşden soň 1 ýyldan gowrak wagt bäri aragatnaşyk saklamadyk” diýdi.

Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň geňeşçisi Mihail Podolýak Ukrainanyň we Hytaýyň liderleriniň arasynda duşuşyk geçirilmegi boýunça işleýändiklerini beýan edipdi, emma heniz hiç hili netijä barylmandygyny aýdypdy.

Szinpin Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygyna laýyklykda 20-22-nji mart aralygynda Russiýa sapar edipdi, Putini Hytaýa çagyrypdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukraina garşy giň gerimli ballistik raketa hüjümini amala aşyrdy
Russiýa bilen Ukraina ýesirlerini çalyşmaga dovam edýär
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Ýewropanyň gepleşiklere gatnaşmalydygyny aýtdy
Ukrainanyň prezidenti Zelenskiý: "Uruşuň başlan ýerine gaýdyp gelmegi logiki taýdan dogry" diýdi
Ukraina Russiýanyň nebit-himiýa desgalaryna zarba urdy
Tramp bilen Zelenskiý G-7-niň sammitiniň çäginde duşuşdy
Russiýa: Kiýew bilen resmi aragatnaşyk kanalymyz ýok