Žorže Žezuş: Türkmenistan owadan ýurt, bu ýerdäki stadion bolsa örän ajaýyp

Žorže Žezuş: Türkmenistan  owadan ýurt, bu ýerdäki stadion bolsa örän ajaýyp

Türkmenistan owadan ýurt we bu ýerdäki stadion bolsa örän ajaýyp diýip, Saud Arabystanynyň Al-Nassr toparynyň baş tälimçisi Žorže Žezuş AFK Çempionlar ligasynyň 2-nji tapgyrynyň 1/8 finalynyň çäginde Türkmenistanyň Arkadag topary bilen geçirilen ilkinji duşuşygyndan soňky metbugat maslahatynda aýtdy.

Ilkinji gezek 45 müň tomaşaçy üçin niýetlenen we Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony bolan Olimpiýa stadionynda geçirilen duşuşyk myhman toparyň peýdasyna 1-0 hasabynda tamamlandy. Ýeňiş goluny 19-njy minutda Gabriel Anželo tarapyndan berlen tehniki pasdan soň Abdulla Al-Hamdan geçirdi.

Duşuşygyň ähli gatnaşyjylaryna we stadiona gelen janköýerlere hoşallygymy bildirýärin.Siziň örän owadan ýurduňyz, myhmansöýer halkyňyz we futbol üçin ähli şertleri bolan ajaýyp stadionyňyz bar.Duşuşygyň biziň peýdamyza tamamlanandygyna örän şat diýip, Žorže Žezuş belledi.

Al-Nassr toparynyň AFK Çempionlar ligasynyň 2-nji tapgyrynda ýeňiş gazanmak mümkinçilikleri baradaky sowala 71 ýaşly portugaliýaly hünärmen şeýle jogap berdi: Biziň üçin her bir oýun möhüm, biz hemişe ýokary derejede oýnamaga çalyşýarys.

Al-Nassr toparynyň esasy maksatlarynyň biri AFK Çempionlar ligasynyň 2-nji tapgyrynda ýeňiji bolmak.Emma indiki tapgyra çykmagymyz heniz doly kepillendirilenok, öňümizde Er-Riýadda jogap duşuşygymyz bar.Biz garşydaşymyza hormat goýýarys we indiki duşuşyga ykjam taýýarlanýarys.

Ilkinji duşuşygyň Saud Arabystanynyň topary üçin şowly bolandygyny göz öňünde tutup, Er-Riýadda geçiriljek jogap oýnunda Al-Nassr topary Arkadag toparyna garşy ýene-de ikinji düzüm bilen çykarmy ýa-da ýyldyz oýunçylar hem meýdança çykarmy?

diýen sowal žurnalistleriň köpüsini gyzyklandyrýar.Men hiç zada kepil geçip bilmeýärin we öňünden aýdyp bilmerin: jogap oýnunda ikinji düzüm oýnarmy ýa-da ýyldyzlar?Ilki bilen bize Saud Arabystanynyň çempionatynda başga bir duşuşyk garaşýar.

Habar berlişi ýaly, Arkadag topary bilen boljak jogap duşuşygyndan öň Al-Nassr 14-nji fewralda Saud Arabystanynyň çempionatynyň 22-nji tapgyrynyň çäginde Al-Fateh topary bilen duşuşar.Metbugat maslahatynda oýnuň iň gowy oýunçysy diýlip saýlanan we ýeke-täk goluň awtory Abdulla Al-Hamdan hem özünde galan täsirlerini paýlaşdy: Türkmenistanda bize görkezilen mähirli garşylamalar üçin hoşallyk bildirýärin.

Bu örän gyzykly we kyn oýun boldy. Ýöne iň esasy zat — biz ýeňiş gazandyk.Arkadag topary — örän güýçli garşydaş.Emma biziň Er-Riýadda ýene bir oýnumyz bar we onuň hem biziň peýdamyza tamamlanjakdygyna umyt edýärin — diýip, MVP ýeňijisi Abdulla Al-Hamdan aýtdy. Ýatladyp geçsek, Arkadag topary bilen Al-Nassr toparynyň arasyndaky jogap oýny 18-nji fewralda Saud Arabystanynyň paýtagtynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Kriştianu Ronaldu Al-Nassr bilen Arkadag toparlarynyň arasyndaky jogap duşuşygyna taýýarlanýar
Arkadag topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň ýaryşynda ilkinji möwsümini tamamlady
Ronaldosyz oýnan 'Al-Nassr' futbolçylary Arkadagy’ ýeňdi
5-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş eder
“Arkadag” bilen “Al-Nassr” toparlarynyň duşuşyklarynyň geçiriljek wagty mälim edildi