Žurnalist Nepesgulyýew hemişe gözegçilikde saklanylýar

Garaşsyz žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýew hemişe yzarlanamagyndan şikaýat etdi we öz öýüniň golaýynda nobatçylyk çekýän graždan eşikli adamlaryň suratlaryny çap etdi.

Saparmämmediň sözlerine görä, hemişelik gözegçilik ol 2018-nji ýylyň maýynda tussaglykdan boşadylan badyna başlandy. Ýaş adamlar ol nirä gitse, yzyna düşýärler.

“Men gije-gündiziň 24 sagadynda gözegçilikde saklanylýaryn, olar hemişe işleýärler. Men nirä gitsem, edil kölegäm ýaly, olaram şol ýere gidýärler we bu halys bizar edýär” diýip, žurnalist gürrüň berdi.

Yzarlaýjylar gizlenmeýärler, tersine, göz edip yzarlaýarlar. Şol bir wagtda olar žurnalist bilen hiç bir gatnaşyga girmeýärler. Emma bir gezek, 2018-nji ýylyň oktýabrynda şeýle ýagdaý boldy, ol erkekleriň biri Saparmämmedi daşlamaga başlady.

Ýatladýarys, “Azatlyk” radiosynyň we TAH neşiriniň garaşsyz ştatdan daşary žurnalisti Saparmämmet Nepesgulyýew 2018-nji ýylyň maýynda üç ýyllyk türme möhletini tamamlap, azatlyga çykdy.

Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň iýulynda tussag edildi we tramadol Türkmenistanda gadagan edilen medisina serişdesini ýanynda saklamakda günäli tapyldy.

Ol Türkmenistan hakynda birnäçe tankydy fotosuraty we wideo reportažlary çap edileninden soňra tussag edildi.

Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy we beýleki halkara hukuk guramalary Nepesgulyýewiň ykbalyna syn etmegini dowam etdirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda žurnalist Sapamämmet Nepesgulyýewe hüjüm edildi
Žurnalist S.Nepesgulyýew sag-aman Türkmenistany terk etdi
Azatlygyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew Türkmenistany terk etdi
2018 - Dabara-şowhunlar we "ölçeýjileri oturtmak talaby bilen aljyradan" ýyl
CPJ: Hytaý 2019-njy ýylda iň köp žurnalisti türmä basan ýurt boldy
HRW: Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy gözgynylygynda galýar