Žurnalist S.Nepesgulyýew sag-aman Türkmenistany terk etdi

Ýanalýan, garaşsyz türkmen žurnalisti Saparmämmet Nepesgulyýew 23-nji martda Türkmenistany terk etdi.

Nepesgulyýew “Azatlyk” radiosynyň we TAH neşiriniň ştatdan daşary habarçysy bolup işleýärkä, 2015-nji ýylyň iýulynda Türkmenbaşy şäherinde saklandy. Şol ýylyň awgustynda ol ýanynda tramadol Türkmenistanda gadagan edilen derman saklamakda günäli tapylyp, üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

BMG-niň Işçi topary onuň tussag edilmegini eden-etdilik hökmünde häsiýetlendirdi.

Žurnalist 2018-nji ýylyň maýynda, türme möhletini doly tamamlandan soň azatlyga çykdy.

Şondan bäri ol elmydama gözegçilik astynda saklandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda žurnalist Sapamämmet Nepesgulyýewe hüjüm edildi
Žurnalist Nepesgulyýew hemişe gözegçilikde saklanylýar
Azatlygyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew Türkmenistany terk etdi
Azatlygyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew azatlyga çykdy
Saparmämmet Nepesgulyýew azatlyga goýberildi
2018 - Dabara-şowhunlar we "ölçeýjileri oturtmak talaby bilen aljyradan" ýyl