Zyýat Hil Täze ýyla taýýarlanýar: hemmeler üçin ýakymly baýramçylyk

Zyýat Hil Täze ýyla taýýarlanýar: hemmeler üçin ýakymly baýramçylyk

Zyýat Hil konditer dükanlary zynjyry Täze ýyla giň gerimli taýýarlyk yglan edýär! Jadyly gijäniň öňüsyrasynda, 29, 30 we 31-nji dekabrda konditer dükanlary myhmanlary dürli görnüşli baýramçylyk süýjülikleri bilen begendirer.

Menýuda Täze ýyl mowzukly ajaýyp tortlar, näzik pirožnoýeler, dürli kökeler we özboluşly baýramçylyk duýgusyny döredýän beýleki süýjülikler bolar.

Bu ýere gelýänler diňe bir özleri üçin däl, eýsem, ýakynlary we dostlary üçin hem özboluşly sowgat hökmünde süýji önümleri saýlap bilerler. Hödürlenýän önümleriň görnüşleri şeýle bir giň welin, bu ýerde her kim öz islegine görä süýjülik tapar.

Mundan başga-da, 150 manatdan başlaýan bahadan süýjülik sargyt edilende, Aşgabada we Gökdepe etrabyna eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.

Zyýat Hil süýjülik söýüjileriň ählisini Täze ýyl jadysynyň gurşawyna aralaşmaga we baýramçylyk süýjülikleriniň ajaýyp tagamyndan lezzet almaga çagyrýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Ak şäherim Aşgabat atly XXV köpugurly halkara forumynda gol çekmek dabarasy geçirildi
“Ak şäherim Aşgabat 2026” halkara forumynda birnäçe resminamalara gol çekildi
Britaniýanyň Goranmak ministriniň uçary Russiýanyň golaýynda signallaryň bozulmagyna sezewar boldy
Syýahatçylyk “firmasyna müňlerçe dollaryny aldyran” onlarça türkmenistanly Aşgabatdan “haraý gözleýär”
Dünýä Kubogynyň bijeleri 5-nji dekabrda çekiler