04.02.2020 | Milli Liderimiz möhüm desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy we atçylyk toplumlaryna baryp gördi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalary, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.Iş saparynyň barşynda, döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda idedilýän bedewler bilen didarlaşdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň günorta-günbatar künjegine baryp, täze guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.Mälim bolşy ýaly, Aşgabat şäheriniň çäklerinde amala aşyrylýan möhüm düzümleýin taslamalar, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda toplumlaýyn durmuş-ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar.

Aşgabat şäheriniň häkimi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa taýýarlanylan taslamalar, şolaryň özboluşly aýratynlyklary, hususan-da, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň daşky we içki bezegleri, ýerleşjek ýerleri barada gürrüň berýän çyzgylar hakynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, taslamalar taýýarlanylanda geljekki desgalaryň bezegine we ekologiýa häsiýetnamalaryna, olaryň enjamlaşdyrylyşyna, şol sanda sanly tehnologiýalar bilen üpjünçiligine we ilkinji nobatda, adamlaryň durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiziň täzeçil ýörelgeleri ugur edinýän başlangyçlary netijesinde, paýtagtymyz sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi hem-de öz çäklerini giňeldýär. Şeýle hem Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyryp, sebitara we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrüldi.

Her ýylda paýtagtymyzda täze özboluşly binalary we desgalary özünde jemleýän ajaýyp binagärlik toplumlary kemala gelýär. Şolar ýurdumyzyň täze taryhy eýýamynyň okgunly ösüşini has aýdyňlygy bilen görkezýär.Döwlet Baştutanymyz bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen tanşyp, şolara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze desgalaryň maksadyna, bezeg hem-de ekologiýa meselelerine, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna oýlanyşykly we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir.Döwlet Baştutanymyz gurluşyk senagatyna dünýäniň iň gowy tejribesini hem-de işläp taýýarlamalaryny çekmegiň zerurdygyny aýdyp, desgalaryň binagärlik keşbinde, daşky we içki bezeginde türkmen halkynyň binagärligiň baý däpleriniň hem-de milli öwüşginleriň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, işleriň ýokary hiliniň hem-de olary ýerine ýetirmäge hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň, şol sanda bezeg we ekologiýa meselelerini, desgalaryň öz möhletinde ulanmaga berilmeginiň potratçylara hem-de buýrujylara bildirilýän esasy talapdygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Täze binalaryň we desgalaryň gurluşygynda olaryň maksady hem-de ulanylyşy, toplumlaýyn durmuş, inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýa düzümi, ýerli tebigy landşaft göz öňünde tutulmalydyr.Paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde şäheriň çäginde täze seýilgähleri we ýaşyl zolaklary döretmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň tebigy aýratynlygy, ajaýyp baýyrlaryň gözelligi paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy döredýär. Şäheriň şu böleginden ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp binalar we täsin desgalar, ýaşaýyş toplumlary paýtagtymyzyň Halkara howa menzili bilen bilelikde haýran galdyryjy bitewi toplumy döredýär.

Bularyň ählisi milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň baş şäheri bedew bady bilen ösýär.Gözýetime çenli uzap gidýän şäher giňişligi özüniň kaşaň binalary we tebigy aýratynlyklary, nurana ýollary bilen ynsan kalbyna oňyn täsirini ýetirýär hem-de her-bir türkmenistanlynyň eziz Watanymyza we onuň paýtagtyna bolan buýsanjyny artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýerden şähere açylýan görnüşleri synlap, şäher gurluşygynda häzirki zaman tehnologiýalary bilen bir hatarda, daşky gurşawy goramagyň uly ähmiýete eýedigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Aşgabatda gurulýan desgalaryň ählisiniň parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň ýokary derejesine doly kybap gelmelidigini nygtady.Milli Liderimiz şeýle hem şäherde Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda şanly seneler, hususan-da, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli guraljak çäreleriň, halkara maslahatlaryň guramaçylykly geçirilmegi üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz dikuçardan şäheriň bu künjeginde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleri synlady.Milli Liderimiziň başlangyjy durmuşa geçirilýän özgertmeler netijesinde bu ýerde döwrebap binalar toplumy emele geldi.Häzirki zaman ülňülerine laýyk derejede bina edilen desgalar toplumy Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi.

Döwlet Baştutanymyz gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, işleriň ýokary hilini üpjün etmäge hem-de ekologiýa standartlaryny berjaý etmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.Paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynyň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek esasy şert bolup durýar. Şunda, ýaşaýyş jaýlarynda oňaýly durmuş şertlerini döretmäge, sanly ulgama geçmek boýunça meýilnamalar babatda täze ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurulýan durmuş maksatly desgalaryň talabalaýyk enjamlaşdyrylyşyna, ýanaşyk ýerleriň bagy-bossanlyga öwrülmegine uly ähmiýet berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we Aşgabat şäheriniň häkimine anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimiziň dikuçary Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýokarsynda öwrüm etdi.Döwlet Baştutanymyz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň mart, awgust we noýabr aýlarynda degişli resminamalara gol çekdi.Ine, ýaňy-ýakynda, şu ýylyň 3-nji fewralynda milli Liderimiz bu döwrebap şäheriň desgalarynyň gurluşygyna 1,5 milliarda golaý amerikan dollaryny bölüp bermek hakyndaky Karara gol çekdi. Şeýlelikde, bu taryhy ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmegi döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan özgertmeler strategiýasynda bellenilen wezipeleri çözmekde nobatdaky möhüm ädimi alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň sebitlerini hemmetaraplaýyn okgunly ösdürmek şol strategiýanyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň aprel aýynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna badalga bermek bilen, bu ägirt uly gurluşyk meýdançasyndaky işleriň ýagdaýyny berk gözegçilikde saklaýandygyny bellemelidiris.

Iri durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna ýurdumyzyň hususy kompaniýalarynyň giňden çekilmegi möhüm ähmiýetli ýagdaýlaryň biridir.Munuň özi ýurdumyzyň işewür düzümleriniň dürli ulgamlarda mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaklary üçin uly höweslendiriş çäresi bolup durýar.

Häzirki wagtda telekeçiligiň ösdürilmegine milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmagyň, onuň eksport kuwwatyny artdyrmagyň, senagatlaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň çalt durmuşa geçirilmeginiň has netijeli ýoly hökmünde garalýar.Milli Liderimiz ýurdumyzyň işewürlerine wajyp hem-de jogapkärli taslamalary ynanýar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň giň gerimli işleri köpsanly täze iş orunlaryny döretmek arkaly ilaty iş bilen üpjün etmäge ýardam edýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iň gowy milli tejribäni hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ulanmak arkaly Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň taslamasyny iki tapgyrda, 2019 — 2021-nji hem-de 2020 —2022-nji ýyllarda amala aşyrmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz dikuçardan giň gerimli gurluşyk meýdançasyny synlap, alnyp barylýan işleriň barşy, depginleri we görnüşleri bilen içgin gyzyklandy hem-de şolaryň ýokary hilini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýlelikde, taslamany durmuşa geçirmegiň birinji we ikinji tapgyrlarynda dürli maksatly desgalaryň köpsanlysy, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş ulgamynyň edaralary, dolandyryş we önümçilik binalary gurlar hem-de ulanmaga berler, döwrebap inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýa düzümi dörediler. Şeýle hem kottežler toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Munuň özi raýatlarymyzyň öz isleglerine görä, ýaşaýyş jaýlaryny seçip almak mümkinçiligini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berer.Bir söz bilen aýdylanda, bary-ýogy birnäçe ýyldan bu ýerde ajaýyp täze şäher peýda bolar. Şol ýerde raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin zerur şertler dörediler. Ýolugra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň hem-de milli atçylygy ösdürmäge, meşhur ahalteke tohumyny saklap galmak we kämilleşdirmek işine saldamly goşant goşan Aba Annaýewiň adyny göterýän döwrebap şäherçäniň çägini synlady.

Bu ýerde seýisler, çapyksuwarlar, hünärmenler hem-de olaryň maşgalalarynyň agzalary üçin ähli zerur şertler döredildi.Munuň özi özüniň ömrüni we ykbalyny atçylyk pudagy bilen baglan adamlar hakyndaky ýadawsyz aladanyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary meşhur ahalteke bedewi Polatlynyň ýadygärliginiň golaýynda gondy.Bu syratly we asylly bedewiň heýkeli Köpetdag şaýolunyň ugrundaky çatrygyň merkezinde ornaşdyryldy.Bu ýerde döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe bu ajaýyp künjekde medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralary çäreleri ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl eziz Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, Aşgabat şäheriniň häkimi heýkele ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmaga hem-de paýtagtymyzda bu şanly senä hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmäge degişli anyk görkezmeleri berdi.

Mälim bolşy ýaly, Polatly atly bedew diňe bir milli däl, eýsem dünýä atşynaslygynda öçmejek yz goýan şöhratly ahalteke atlarynyň biridir.Milli Liderimiziň halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak baradaky aladasy netijesinde ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagynda möhüm orun eýeleýän atlaryň sarpasy belent tutulýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna gelip,onuň abadanlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy.Dünýä medeniýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halky tarapyndan döredilen milli gymmatlyklaryň hatarynda ahalteke bedewlerine möhüm orun degişlidir.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewleriň köpasyrlyk taryhy barada gürrüň etdi.Bedewler gadym döwürlerden bäri we häzirki wagtda baýramçylyk dabaralarynyň bezegi, türkmenleriň kalbynyň ganaty hem-de wepaly ýoldaşy, halkymyzyň hakyky buýsanjy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli atçylyk mekdebiniň aýratynlyklary barada aýdyp, bedewleri ýaryşa taýýarlamak bilen, olary ykjam seýisleýändiklerini nygtady.Häzirki wagtda bu işde ahalteke bedewlerini seýislemegiň we terbiýelemegiň täsin usullaryny döretmegi başaran ata-babalarymyzyň baý tejribesi işjeň ulanylýar. Şol usullar bolsa ynsan bilen atyň arasyndaky ynanyşmak gatnaşyklaryna esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, ahalteke bedewlerine uly sarpa goýýan hem-de olaryň gylyk-häsiýetlerine belet bolan, at çapmakda ussatlyk görkezýän hem-de atçylyk sportuny giňden wagyz edýän döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň atçylyk ulgamy täze ösüşe eýe boldy we onuň gadymy däplerini mynasyp dowam etdirýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça we baştutanlygynda ýurdumyzda atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini we at çapmagyň milli däplerini wagyz etmek boýunça maksadalaýyk çäreler amala aşyrylýar. Şu giň gerimli işleriň netijesinde Türkmenistanda ajaýyp atçylyk sport toplumlary guruldy, ganatly bedewleriň hem-de olary ýetişdirýän ýurdumyzyň atçylarynyň we seýisleriniň, şeýle hem ussat çapyksuwarlaryň tutuş dünýäde abraýy barha artýar.

Behişdi bedewleriň tutuş dünýäde şan-şöhratyny artdyrmakda Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň uly hyzmaty bardyr.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen bu zehinli topar ýurdumyzyň çäginden daşda hem uly meşhurlyga eýe bolup, halkara gözden geçirişleriniň hem-de sirk sungatynyň Bütindünýä festiwallarynyň ençeme gezek ýeňijisi bolup durýar.

Milli Liderimiz toplumy gözden geçirip, degişli ýolbaşçylara Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany şygary astynda geçýän şu toý ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna ykjam taýýarlyk görmek maksady bilen, toplumyň abadançylygy we arassaçylygy babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimiz Ahalteke atçylyk toplumyna bardy.Bu ýerde hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny geçirdi.Onuň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew hem-de Türkmen atlary döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew häzirki döwürde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz däp bolşy ýaly, her ýyl aprel aýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekip, bu ugurdaky işlere gaýra goýman girişmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň şanly seneleriniň ikisine — Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna hem-de ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz şol senelere gabatlanylan halkara çäreleriniň ählisine forumlara, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine, at çapyşyklaryna, konkur we marafon bäsleşiklerine, şeýle hem beýleki sport ýaryşlaryna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berip, ahalteke bedewleriniň tutuş dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak boýunça mundan beýläk-de yzygiderli çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guraljak çäreleriň aýratyn belent dabaralara beslenmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda milli atçylyk sportunyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly işleriň bitirilýändigini aýtdy.Ahalteke bedewleri dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparlarynyň aýratyn hyzmatynyň bardygyny nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu toparyň agzalary abraýly halkara bäsleşiklerine, sirk festiwallaryna gatnaşyp, ýokary sylaglara, baş baýraklara mynasyp bolýarlar.Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewler hakynda Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz, Gadamy batly bedew, Atda wepa-da bar, sapa-da ýaly kitaplary döreden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen bedewleriniň waspynyň hemmetaraplaýyn we giňden ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ahalteke bedewleri we olaryň öçmejek şöhraty barada giňden wagyz edilmegi türkmen bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagynda aýratyn möhümdir.Iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer E.Orazgeldiýew Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guraljak dabaralarda hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewlerine bagyşlan kitaplarynyň daşary ýurt dillerine terjime edilen neşirleriniň tanyşdyryş dabarasyny geçirmek baradaky teklibi beýan etdi.

Milli Liderimiz teklibi umuman oňlap, bu çäräniň kitaplaryň tanyşdyrylyşyna gatnaşjak adamlaryň we daşary ýurtly myhmanlaryň ünsüni özüne çeker ýaly derejede guralmagynyň maksada laýyk boljakdygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ahalteke bedewleriniň hakyky Watanynda guralýan baýramçylyk çäreleri tutuş dünýäde şan-şöhrata eýe bolan atlaryň adamzat jemgyýetinde mynasyp orun eýeleýändiginiň waspnamasyna öwrülmelidir. Şanly senelere bagyşlanan giň gerimli medeni çäreler çeper okaýyşlar, döredijilik duşuşyklary we agşamlary görnüşinde geçirilmelidir. Şeýlelikde, ýurdumyzyň teatrlary we döredijilik işgärleri ahalteke bedewlerine bagyşlanan täze çeper eserleri döretmelidirler.

Ruhubelentlik ýagdaýynda geçjek çykyşlar adamlaryň kalbynda iň ýakymly duýgulary galdyrmalydyr.Bu çäreler halk rowaýatlaryna, taryhda öçmejek yz galdyran edermen şahsyýetleriň watançylygyna, ynsanyň we bedewiň arabaglanyşygyna bagyşlanylmalydyr hem-de ýatdan çykmajak wakalara baý bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Galmaz atly ahalteke bedewi bilen didarlaşdy.Milli Liderimiz bedewi athanadan çykaryp, ýörite niýetlenen açyk meýdançada birnäçe öwrüm etdi we at çapmagyň ýokary ussatlygyny görkezdi.Behişdi bedewler milli we dünýä medeniýetiniň hakyky gymmatlygy bolmak bilen, özleriniň deňsiz-taýsyz gözelligi, syratlylygy, ýyndamlygy hem-de wepadarlygy we asyllylygy bilen tapawutlanýar.

Häzirki döwürde ahalteke bedewi täze taryhy eýýamyň nyşanyna öwrülip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklere tarap ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýar.Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta bölegine bardy. Şol ýerde gurlan desgalar bilen sazlaşykly binagärlik toplumyny emele getirýän Bitaraplyk binasy ýerleşýär.

Milli Liderimiz bu künjegiň abadançylyk hem-de arassaçylyk meselelerine ünsi çekip, degişli tabşyryklary berdi.Paýtagtymyzyň ajaýyp desgalarynyň biri bolan Bitaraplyk binasy daş-töweregini ýaşyl ýaýlalar gurşap alan giň meýdanda, Köpetdagyň eteginde ornaşdyrylyp, alyslardan lowurdap görünýär.

Bu bina türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjiliginiň, agzybir halkymyzyň şöhratly ata-babalarymyzyň wesýetlerine ygrarlydygynyň aýdyň nyşanydyr.Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän ýylyň şanly baýramçylyklara baý boljakdygyny belläp, şäheriň şu bölegine we şanly sene mynasybetli esasy dabaralaryň geçiriljek ýerlerini abadanlaşdyrmak we bezemek boýunça işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň binagärlik ugurlary barada gürrüň berýän birnäçe taslamalary görkezdi.Milli Liderimiz olar bilen tanşyp, birnäçe bellikleri aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda şäheriň täze işewürlik merkeziniň emele gelýän künjeginde alnyp barylýan işleriň döwrüň ruhuna we talabyna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, täze seýilgähleriniň döredilmegine, ýol ýakalarynda, meýdançalarda saýaly baglaryň oturdylmagyna we dürli gülleriň ekilmegine aýratyn üns berilmelidir.

Munuň özi paýtagtymyzyň gözelligini artdyrmak bilen bir hatarda degişli ekologiýa ýagdaýynyň emele gelmegini üpjün eder diýip, milli Liderimiz belledi.Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Aşgabady ösdürmegiň häzirki zaman konsepsiýasynda amatlylyk, ekologiýa we bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Munuň özi ýokary derejeli ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini üpjün etmek bilen bir hatarda türkmen paýtagtynyň owadanlyk we oňaýlylyk babatda dünýäniň uly şäherleri bilen üstünlikli bäsdeşlik etmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şunlukda, paýtagtymyzyň abadanlaşdyrylyşyna, ýaşyl zolaklaryň döredilmegine durmuş we tutuş şäher düzümini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny tamamlady we öňde durýan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Türkmenistan “akylly” şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge çalyşýar
Çagalar üçin Ertekiler dünýäsi atly täze kitap çapdan çykdy
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Aşgabatda 43-nji we 46-njy awtobus gatnaw ugurlaryna üýtgeşme giriziler