05.09.2019 | Türkmen edermen ýörite maksatly toparlaryň harby okuw-türgenleşigi geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem ýurdumyzyň harby düzümleriniň Türkmen edermen ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki görkezme harby okuw türgenleşigine gatnaşdy.

Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän Harby doktrinada kesgitlenen ileri tutulýan wezipelerden ugur almak bilen, edermen Watan goragçylary ýurdumyzda parahatçylygyň we asudalygyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň goragynda sak durýarlar.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň möhüm ugurlaryna laýyklykda, Ýaragly Güýçleriň kuwwatyny artdyrmak, milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylaryň düzümlerini pugtalandyrmak, ýokary derejeli gulluk we harby gullukçylaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döretmek meselelerine möhüm üns berilýär. Ähli goşun bölümleriniň utgaşykly hereketlerini üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýrugy boýunça goşunyň şahsy düzümleriniň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmäge gönükdirilen okuw-türgenleşik işleri yzygiderli geçirilýär. ...Gije ýarymdan agansoň, milli Liderimiz Döwlet serhet gullugynyň okuw-türgenleşik merkezleriniň birine tarap ugrady.

Belent Serkerdebaşymyz kuwwatly harby ulaga erk edip, dag derelerine tarap ýola düşdi.Wagtyň bu çagynda dag içindäki ümsümlik güýz howasynyň ýakymy bilen utgaşyp, özboluşly ajaýyplygy emele getirýär.Arassa dag howasynyň ýakymly gurşawy bu ýeriniň tebigy gözelligi bilen sazlaşýar.

Köp sanly baglar dag etekleriniň ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär. Ýolugra döwlet Baştutanymyz ajaýyp görnüşi bilen özüne çekýän bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryndan täsirlendi.Dag gerişleriniň ajaýyplygy gözel görnüşe beslenýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ene topragyň her bir künjeginiň, suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyny üpjün edýär.Tebigy baýlyklaryň aýawly saklanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Tebigy serişdeler diňe bir häzirki däl, eýsem, geljekki nesillere-de hyzmat eder.Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde häzirki döwürde ýurdumyzyň şäherleriniň we ilatly ýerleriniň töwereklerinde giň gerimli gök zolaklar döredilýär.

Bu bolsa howanyň ýakymly bolmagyny, durmuş we umumy ekologiýa şertleriniň gowulanmagyny üpjün edýär.Harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de durmuş ugurly meseleleri degişli derejede çözmek maksady bilen harby edaralar üçin döwrebap toplumlar, şol sanda serhet galalary we birikmeleri, bu düzümleriň gullukçylary üçin amatly ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Şunda serkerdeleriň we esgerleriň harby borçlaryny netijeli ýerine ýetirmegi, boş wagtlaryny peýdaly geçirmegi hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýaragly Güýçleriň şahsy düzümleriniň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmäge, ähli bölümleriň esgerleriniň söweşjeň tehnikalara ussatlyk bilen erk etmegine, bu düzümlerdäki gulluk atlaryny hem-de itleri degişli derejede ösdürip ýetişdirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler geçirilýär.

Merkezi girelgäniň ýanynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri general-polkownik Ý.Berdiýew Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirmäge görlen taýýarlyk barada hasabat berdi.

Soňra milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.Onuň gün tertibine laýyklykda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine, degişli düzümleriň guramaçylyk meselelerine garaldy, şeýle hem döwrebap sanly ulgamy nazara alyp, düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak we işgärler üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklaryny nazara almak bilen, şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlary diňlenildi. Ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, kanun bozulmalarynyň öňüni almak we milli kanunçylygyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi ýola goýmak, kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler hakynda hasabatlar berildi.

Bellenilişi ýaly, harby düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny täze ýörite tehnikalaryň we beýleki harby serişdeleriň, şeýle hem sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy arkaly döwrebaplaşdyrmak ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şeýle hem Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreler, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli guraljak dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk baradaky hasabatlar diňlenildi.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, gözegçilik edýän düzümlerinde durmuş meselelerini çözmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler barada habar berdiler.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş ukyplylygyny goldamaga, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamaga gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamany yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi.

Milli Goşunymyzyň kuwwaty ýurdumyzyň parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine gulluk edýär.Bu ýörelgeler eziz Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan hem-de goranyş häsiýetli Harby doktrinasynda öz beýanyny tapýar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby bölümleri we hukuk goraýjy edaralary döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmek, şahsy düzümiň söweşjeň taýýarlygyny ýokary derejede saklamak, harby gullukçylary hem-de olaryň maşgala agzalarynyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilmelidigini tabşyrdy.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin degişli çäreler görülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz ýolbaşçylara harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeleri beýleki degişli düzümler bilen ylalaşylan tertipde çözmegi tabşyrdy.

Goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan ugur almak bilen, parahatçylyk söýüjilikli döwletimiz geljekde hem häzirki zaman sanly ulgam arkaly harby we hukuk goraýjy düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek meselelerine aýratyn üns berer.

Belent Serkerdebaşymyz harby edaralaryň şahsy düzümini harby-watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça işleriň yzygiderli geçirilmeginiň, harby işgärleriň ussatlygyny artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna ýüzlenip, oňa Türkmen edermen medalyny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamagy we ony ýurdumyzyň Mejlisine hödürlemek bilen baglanyşykly işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görülmegini esasy meseleleriň hatarynda görkezip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek hem-de jemgyýetçilik tertibini saklamak maksady bilen degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy prokurorlaryň käbirlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana we Karara gol çekdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara berk jan saglyk hem-de ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz welosipedde ýörite okuw-türgenleşik meýdançasyna tarap ugrady. Ýolugra döwlet Baştutanymyz döwrebap kämil harby tehnikalary gözden geçirdi. Şeýle hem Belent Serkerdebaşymyza türkmen alabaýlarynyň we beýleki tohumlardan bolan gulluk itleriniň görkezme çykyşlary görkezildi.

Soňky ýyllarda serhet galalarynda gulluk itlerini saklamak üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär.Serhetleriň döwrebap derejede tehniki taýdan enjamlaşdyrylýandygyna garamazdan, ýörite türgenleşik geçen itleriň hyzmaty, öňküsi ýaly, ýokary derejede bolýar.

Olar Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goragçylary bilen bilelikde gündelik gözegçiligi amala aşyrýarlar.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen serhetçileriniň öňünde halkymyzyň parahat durmuşyny goramak boýunça möhüm we jogapkärli wezipeler durýar.

Bu bolsa serhet goşunlarynyň esgerleriniň we serkerdeleriniň hemişe ýokary söweşjeň taýýarlykda bolmagyny talap edýär.Olar özleriniň hünär taýýarlygyny we bilim-başarnygyny yzygiderli ýokarlandyrmak bilen, mähriban Watanymyzyň her bir daban ýeriniň ygtybarly goragyny üpjün etmäge taýýardyrlar.

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde geçirilýän harby-tälim beriş taktiki okuwlar harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, olaryň goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany üstünlikli ýerine ýetirmegini şertlendirýär.Türkmen serhetçileri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa gulluk atlarynyň we alabaýlaryň gulluk alyp barýan pursatlaryny, başa-baş söweşiň, sowuk ýaraglary nyşana zyňmagyň usullaryny görkezdiler. Şeýle hem ýaş esgerler at çapmagyň, nyşana ok atmagyň, päsgelçiliklerden geçmegiň we ýaragly dürli taktiki hereketlerdäki ok atmagyň tärlerini ele alandyklaryny iş ýüzünde subut etdiler. Şeýle hem milli Liderimiz uçarmansyz uçary uçurmagyň we dolandyrmagyň, ýörite hereketleriň aýratynlyklary, olara alpinistleriň gatnaşmaklary, motoulagyň üstünden garşydaşa ok atmak, mergenleriň taýýarlyk derejesini synlady.

Bu ýerde atly we pyýada nobatçylyk çalşyk hereketleri, awtoulagda geçen serhet bozujylary saklamagyň netijeleri, serhetçileriň gündelik ulanýan tehniki serişdeleriniň mümkinçilikleri görkezildi. Ýaş harby gullukçylaryň serkerdeler bilen bilelikde harby-taktiki okuw-söweşjeň çärelere gatnaşmagy olaryň söweşjeň ukyplaryny ýokarlandyrýar we esgerleriň tejribe toplamagyna kömek edýär. Şu günki geçirilýän okuw-türgenleşik mähriban Watanymyzyň goragynda sak durýan harby goragçylaryň amaly we söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejä eýedigini, dürli görnüşli tehnikalara we söweşjeň ýaraglara ussatlyk bilen erk edip bilýändiklerini subut etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaragly Güýçleriň ýolbaşçylarynyň ünsüni ýaşlaryň arasynda harby gullugyň ähmiýeti, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwer taýýarlygyň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport ýaryşlary bilen utgaşykly alnyp barylmagy baradaky wagyz-nesihat işleriniň geçirilmegine çekdi.

Bu bolsa ýaşlaryň Watan öňündäki harby borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmäge netijeli çemeleşmegini üpjün eder. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde geçirilýän şahsy we serkerdeler düzüminiň meýdan, howa hem-de deňiz täliminiň barlaglary harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda söweşjeň taýýarlygynyň we öz öňlerinde goýlan wezipeleri çözmek ukybynyň kämilleşmegini üpjün edýär.

Bu bolsa, döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Ýaragly Güýçleriň esgerleriniň we serkerdeleriniň öz üstüne ýüklenen mukaddes borja abraý bilen hötde gelmegine giň mümkinçilik açýar.Soňra hormatly Prezidentimiz serkerdelere we ýaş esgerlere jogapkärli gulluklarynda üstünlik arzuw etdi hem-de okuw meýdanyndan dikuçarda Garagum sährasynda ýerleşen okuw-türgenleşik meýdanyna tarap ugrady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçar meýdançasyndan harby awtoulagda harby okuw-türgenleşik geçirilýän ýere tarap ugrady.Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy ýol söküp, Garagumuň giňişligi boýunça menzil aşdy.Garagumuň ekologiýasynyň, umuman, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň täsinligini hem-de özboluşlylygyny bellemek gerek.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ýerde ösýän pürli agaçlar mähriban tebigatymyzy baýlaşdyrmakda möhüm orun eýeleýär, şol ýerde ajaýyp görnüş açylýar.Onda gum alaňlary uly bolmadyk takyrlar bilen birleşýär.

Merkezi Aziýadaky bu iri sähranyň aýratynlyklarynyň biri onda ürgün çägeleriň bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle ýollarda awtoulagy sürmek diňe bir amaly tejribäni däl-de, eýsem, nazaryýet nukdaýnazaryndan taýýarlygy hem talap edýär. Çünki ýokary tizligiň barşynda töwerekdäki ýagdaýa tiz we takyk baha bermek, dessine çözgüdi kabul etmek hem-de çylşyrymly ýoly dowam etmegiň takyk usulyny tapmak zerur bolup durýar.

Milli Liderimiz harby awtoulagyna ussatlyk bilen erk edip, sähranyň giňişlikleri bilen okgunly menzil aşyp barýan pursatlarynda türkmen topragynyň bu künjeginiň gözelligini synlady. Ýylyň şu paslynda sähranyň ösümlik dünýäsi aýratyn täsindir.

Bu görnüşler sähranyň güýz günleriniň howasy bilen utgaşyp, ynsan ruhuny göterýän ýakymly gurşawy döredýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli künjekleriniň, aýratyn-da, Garagum sährasynyň ekologiýa derejesine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtamak möhümdir.

Bu ugurda bar bolan häzirki zaman tejribesi ösen sanly tehnologiýa bilen utgaşdyrylyp amala aşyrylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär. ...Harby okuwyň geçirilýän ýerinde Belent Serkerdebaşymyzy goranmak ministri B.Gündogdyýew garşylaýar.

Ol Ýaragly Güýçlerimiziň birnäçe birikmeleriniň harby gullukçylarynyň okuw-türgenleşikleriň geçirilmegine taýýardygy barada hasabat berdi. Ýokarda bellenilişi ýaly, iň täze tehnikalar harby we hukuk goraýjy edaralaryň gündelik işinde netijeli ulanylýar. Şunda serkerdeler we esgerler öňdebaryjy tehniki serişdeleri ussatlyk bilen dolandyryp, öz öňlerinde goýlan wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelýärler.

Harby gullukçylaryň hünär taýdan taýýarlyk derejesiniň kämilleşdirilmegi olaryň ussatlyklarynyň we ukyp-başarnyklarynyň barha artmagyna ýardam edýär.Häzirki wagtda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän goranyş häsiýetli Harby doktrina Türkmenistanyň parahatçylykly we durnukly ösüşiniň ygtybarly kepili bolup durýar. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň döwrüň talabyna laýyklykda guralmagy netijesinde halkymyzyň netijeli zähmet çekmegi hem-de bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Milli goşunymyzyň häzirki zaman ýörite tehnikalar bilen üpjün edilmegi, harby gullukçylaryň gullugy hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hünärli serkerdeleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini bellemeli.

Bu bolsa şahsy düzümleriň söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejede bolmagyna, ýaş esgerleriň talabalaýyk derejede gulluk etmegine ýardam edýär. Şu günki harby okuw-türgenleşikde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Türkmen edermen ýörite maksatly bilelikdäki toparynyň şahsy düzümi söweşjeň ussatlyklaryny hem-de başarnyklaryny görkezdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite meýdançadaky syn edilýän ýere barýar we şol ýerden harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýörite maksatly bilelikdäki bölümleriniň harby gullukçylarynyň görkezme çykyşlaryna syn edýär.

Bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň çäk goranyş goşunlary hem-de Türkmen edermen ýörite maksatly toparlary bilelikde aýratyn goralýan desga söweşjeň toparyň hüjümini yzyna gaýtarmak boýunça taktiki-ýörite hereketleri ýaýbaňlandyrdylar. Şertli garşydaş toplumyň günorta tarapyndan üns sowujy hereketi geçirmäge girişýär.

Desganyň gorag topary kiçi ýaragly toparyň mümkinçiliklerine laýyklykda hereket edýär hem-de ot açýar, ýakyn aralykdan söweşe girişýär.Harby düzümiň esasy topary aldaw hereketiniň üstünlikli boljakdygyna bil baglap, desganyň esasy girelgesini almaga çalyşýar.

Gorag topary ýagdaýa dessin baha berip, gyssagly ýagdaýda tiz hereketli toparyny aýaga galdyrýar hem-de aýlaw goranyşyna geçýär.Bu çäkdäki ýagdaýa jikme-jik baha bermek üçin Türkmen edermen tiz hereketli bilelikdäki topar uçarmansyz uçarlary asmana goýberýär.

Bu düzüm gorag topary bilen utgaşykly hereket edip, şertli garşydaşyň üstüne hüjüm edýär. Şol bir wagtda mergenler topary ok atmak üçin has amatly ýerleri eýeleýär. Ýagdaý çylşyrymlaşan şertinde gorag topary ätiýaçdaky goşunlaryň gatnaşmagynda goranyşa geçýär.

Howa güýçlerini kömege çagyrmak üçin bu ýerleriň belli bir nokadyndan duýduryş signaly berilýär.Türkmen edermen mergenler topary desganyň beýleki tarapynda ýaragly garşydaşyň toparynyň bardygyny görüp, olara tarap ot açýar.

Soňra howa giňişliginde söweş dikuçarlary peýda bolýar, olar bellenilen nyşana boýunça ot açýarlar. Şol bir wagtda mergenler şertli garşydaşyň aýry-aýry toparlaryny ýok etmegi dowam etdirýärler. Ýaragly topary doly ýok etmek maksady bilen, “Türkmen edermen” bilelikdäki hüjüm topary Söweşjeň burç tertibinde nyzama düzülip hüjüme geçýär.

Garşydaşlaryň topary goýlan wezipä ýetmegi başarman, yza çekilip başlaýar.Garşydaşlaryň toparynyň galan bölegi hem-de olaryň awtoulag serişdeleri “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlaryň esgerleri tarapyndan ýok edilýär.Bu söweş hereketine gatnaşan zabt ediji topar çöllük ýerde söweş alyp barmagyň has netijeli usulyny ulanmak bilen, şertli duşmanyň toparyny ikä bölýär.

Söweşjeň burç toparynyň sag tarapynda ýerleşýän esgerler ýaragly toparyň bir bölegini gabawa alýar, bu ýerde öňünden gabaw etmäge taýýarlyk görlüpdi.Türkmen edermen toparynyň bukudan çykan ýokary tizlikli ulag serişdeleri garşydaşyň ýaragly toparynyň daşyny gabady hem-de ony doly ýaragsyzlandyrdy. Şol bir wagtda zabt ediji topary howadan goldaýan dikuçarlar ýaragly toparlanyşygyň hereketini bökdemek bilen, pulemýotdan ot açýar.

Soňra Türkmen edermen ýörite maksatly toparlaryň okuw-söweşjeň hereketleriniň görkezme çykyşlary ýerine ýetirilýär, şonuň barşynda bu toparlaryň harby gullukçylary özleriniň başarnyklaryny görkezmek üçin çylşyrymly hereketler bilen golaý aralykdan dürli ýagdaýda durup ot açýarlar. Şunda harby gullukçylar ýarag ulanmagyň inçe tilsimlerini ussatlarça ýerine ýetirýärler.

Söweş wezipesi ýerine ýetirilenden soňra, aýratyn ugurdaky Türkmen edermen ýörite maksatly toparlaryň esgerleri ýörite ýüpüň kömegi bilen dikuçara münýärler. Şol bir wagtda zabt ediji toparyň esgerleriniň çep ganatyndaky güýçler ýaragly toparyň ikinji bölegini geçmesi kyn bolan ýerlere tarap gysýar hem-de olary ýok etmäge girişýärler.

Harby okuw-türgenleşikleriň barşynda radioelektron toplumyň mümkinçilikleri bilen garşydaşlary serpikdirmegiň usullary hem görkezildi, şeýlelikde, pes belentlikde uçup gelen uçarmansyz uçar gonduryldy we zyýansyzlandyryldy. Şertli duşmanyň goşunlaryny dessin hatardan çykarmak maksady bilen howadan hüjüm edilýär.

Okuw-türgenleşigiň dowamynda türkmen türgenleri paraşýutdan bökmek, ýaraglara erk etmek ussatlygyny görkezdiler.Soňra halas ediş we ýangyn howpsuzlygy gulluklarynyň düzümleri, harby lukmanlaryň topary ejir çekenlere kömek bermek hem-de goralýan desga ýetirilen zyýany aradan aýyrmak boýunça çäreleri geçirdiler.

Harby okuw-türgenleşikler tamamlanandan soňra, Türkmen edermen ýörite maksatly toparlaryň harby gullukçylary mukaddes kasam etdiler hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny goranyş häsiýetli Harby doktrinadan gelip çykýan, öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri mynasyp ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow esgerlere we serkerdelere ata Watanymyzy goramakda hem-de mukaddes harby borjy ýerine ýetirmekde üstünlikler arzuw edip, harby awtoulagda Garagum sährasynyň üstünden geçýän ýol boýunça dikuçar meýdançasyna tarap ugrady hem-de ýüzugra bu künjegiň asyl durkuny saklan gözelligini synlady.

Mälim bolşy ýaly, dünýäniň uly çölleriniň biri bolan Garagum sährasy tebigaty goramagyň nusgalyk görnüşi hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasypdyr.Bu babatda döwlet Baştutanymyz şu künjegiň ekologiýa deňeçerliginiň degişli derejede saklanylmagyna möhüm ähmiýet berýär.

Türkmen tebigatynyň bu künjeginiň ekologiýa ulgamynyň başky durkuny hem-de az derejede üýtgän görnüşleriniň köpdürlüliklerini gorap saklamak möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.Häzir bu ugurda alnyp barylýan ekologiýa işi nusgalyk hasaplanylýar.

Muňa sähranyň merkezinde Altyn asyr Türkmen kölüniň gurulmagyny mysal hökmünde görkezmek bolar.Daşky gurşawy goramak, tebigatyň özboluşlylygyny, asyl durkuny saklamak işlerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa syýasatynda uly üns berilýär.

Türkmenistan bu ulgamda BMG-niň esasy konwensiýalaryny tassyklady hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleri we beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde milli hem-de sebit derejesinde taslamalaryň onlarçasyny amala aşyrýar.

Milli Liderimiz ulagy saklap, sähranyň belent gerişli alaňlaryny hem-de ösümlik dünýäsiniň gözelligini synlady.Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garagum sährasynda dermanlyk ösümlikleriň örän köp görnüşleri ösýär. Şolaryň bejeriş aýratynlyklarynyň ylmy taýdan öwrenilmegi häzirki wagtda möhüm wezipeleriň biridir.

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltlik düýpli ylmy işiň awtory hormatly Prezidentimiz öz kitabynda sähranyň ösümliklerini netijeli peýdalanmagyň anyk ugurlaryny kesgitleýär.Milli Liderimiz Garagum sährasy boýunça ýoluny dowam edip, dikuçar meýdançasyna geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Döwrebap Harby Uçar Öndürmekde Möhüm Sepgide Ýetdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gresiýa Harby Goşunda Özgertmeler Eder
Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА, ПРЕДСЕДАТЕЛЬ ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА ОТБЫЛ НА СВЯЩЕННУЮ ЗЕМЛЮ МЕККИ
06.10.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Türkmen edermenleri Watanymyzyň goragynda