Türkmen edermenleri Watanymyzyň goragynda

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem ýurdumyzyň harby düzümleriniň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki görkezme harby okuw-türgenleşigine gatnaşdy.Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän Harby doktrinada kesgitlenen ileri tutulýan wezipelerden ugur almak bilen, edermen Watan goragçylary ýurdumyzda parahatçylygyň we asudalygyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň goragynda sak durýarlar.Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň möhüm ugurlaryna laýyklykda, Ýaragly Güýçleriň kuwwatyny artdyrmak, milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylaryň düzümlerini pugtalandyrmak, ýokary derejeli gulluk we harby gullukçylaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döretmek meselelerine möhüm üns berilýär. Ähli goşun bölümleriniň utgaşykly hereketlerini üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýrugy boýunça goşunyň şahsy düzümleriniň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmäge gönükdirilen okuw-türgenleşik işleri yzygiderli geçirilýär.…Gije ýarymdan agansoň, milli Liderimiz Döwlet serhet gullugynyň okuw-türgenleşik merkezleriniň birine tarap ugrady.Belent Serkerdebaşymyz kuwwatly harby ulaga erk edip, dag derelerine tarap ýola düşdi.

Wagtyň bu çagynda dag içindäki ümsümlik güýz howasynyň ýakymy bilen utgaşyp, özboluşly ajaýyplygy emele getirýär. Ýolugra döwlet Baştutanymyz ajaýyp görnüşi bilen özüne çekýän bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryndan täsirlendi.Dag gerişleriniň ajaýyplygy gözel görnüşe beslenýär.Merkezi girelgäniň ýanynda döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri general-polkownik Ý.Berdiýew Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirmäge görlen taýýarlyk barada hasabat berdi.Soňra milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

Onuň gün tertibine laýyklykda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine, degişli düzümleriň guramaçylyk meselelerine garaldy, şeýle hem döwrebap sanly ulgamy nazara alyp, düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak we işgärler üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça möhüm wezipeler kesgitlenildi.Bellenilişi ýaly, harby düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny täze ýörite tehnikalaryň we beýleki harby serişdeleriň, şeýle hem sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy arkaly döwrebaplaşdyrmak ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şeýle hem “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreler, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli guraljak dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk baradaky hasabatlar diňlenildi.Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna ýüzlenip, oňa “Türkmen edermen” medalyny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamagy we ony ýurdumyzyň Mejlisine hödürlemek bilen baglanyşykly işleri alyp barmagy tabşyrdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy prokurorlaryň käbirlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana we Karara gol çekdi.Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Soňra milli Liderimiz welosipedde ýörite okuw-türgenleşik meýdançasyna tarap ugrady. Ýolugra döwlet Baştutanymyz döwrebap kämil harby tehnikalary gözden geçirdi. Şeýle hem Belent Serkerdebaşymyza türkmen alabaýlarynyň we beýleki tohumlardan bolan gulluk itleriniň görkezme çykyşlary görkezildi.Soňky ýyllarda serhet galalarynda gulluk itlerini saklamak üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär.

Serhetleriň döwrebap derejede tehniki taýdan enjamlaşdyrylýandygyna garamazdan, ýörite türgenleşik geçen itleriň hyzmaty, öňküsi ýaly, ýokary derejede bolýar.Olar Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goragçylary bilen bilelikde gündelik gözegçiligi amala aşyrýarlar.Türkmen serhetçileri döwlet Baştutanymyza gulluk atlarynyň we alabaýlaryň gulluk alyp barýan pursatlaryny, başa-baş söweşiň, sowuk ýaraglary nyşana zyňmagyň usullaryny görkezdiler. Şeýle hem ýaş esgerler at çapmagyň, nyşana ok atmagyň, päsgelçiliklerden geçmegiň we ýaragly dürli taktiki hereketlerdäki ok atmagyň tärlerini ele alandyklaryny iş ýüzünde subut etdiler.Şeýle hem milli Liderimiz uçarmansyz uçary uçurmagyň we dolandyrmagyň, ýörite hereketleriň aýratynlyklary, olara alpinistleriň gatnaşmaklary, motoulagyň üstünden garşydaşa ok atmak, mergenleriň taýýarlyk derejesini synlady.

Bu ýerde atly we pyýada nobatçylyk çalşyk hereketleri, awtoulagda geçen serhet bozujylary saklamagyň netijeleri, serhetçileriň gündelik ulanýan tehniki serişdeleriniň mümkinçilikleri görkezildi.Milli Liderimiz dikuçar meýdançasyndan harby awtoulagda harby okuw-türgenleşik geçirilýän ýere tarap ugrady.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy ýol söküp, Garagumuň giňişligi boýunça menzil aşdy.Milli Liderimiz harby awtoulagyna ussatlyk bilen erk edip, sähranyň giňişlikleri bilen okgunly menzil aşyp barýan pursatlarynda türkmen topragynyň bu künjeginiň gözelligini synlady. Ýylyň şu paslynda sähranyň ösümlik dünýäsi aýratyn täsindir.

Bu görnüşler sähranyň güýz günleriniň howasy bilen utgaşyp, ynsan ruhuny göterýän ýakymly gurşawy döredýär.…Harby okuwyň geçirilýän ýerinde Belent Serkerdebaşymyzy goranmak ministri B.Gündogdyýew garşylaýar.Ol Ýaragly Güýçlerimiziň birnäçe birikmeleriniň harby gullukçylarynyň okuw-türgenleşikleriň geçirilmegine taýýardygy barada hasabat berdi.Şu günki harby okuw-türgenleşikde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň “Türkmen edermen” ýörite maksatly bilelikdäki toparynyň şahsy düzümi söweşjeň ussatlyklaryny hem-de başarnyklaryny görkezdi.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýörite meýdançadaky syn edilýän ýere barýar we şol ýerden harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýörite maksatly bilelikdäki bölümleriniň harby gullukçylarynyň görkezme çykyşlaryna syn edýär.Bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň çäk goranyş goşunlary hem-de “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlary bilelikde aýratyn goralýan desga söweşjeň toparyň hüjümini yzyna gaýtarmak boýunça taktiki-ýörite hereketleri ýaýbaňlandyrdylar.Harby okuw-türgenleşikler tamamlanandan soňra, “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlaryň harby gullukçylary mukaddes kasam etdiler hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny goranyş häsiýetli Harby doktrinadan gelip çykýan, öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri mynasyp ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.Hormatly Prezidentimiz esgerlere we serkerdelere ata Watanymyzy goramakda hem-de mukaddes harby borjy ýerine ýetirmekde üstünlikler arzuw edip, harby awtoulagda Garagum sährasynyň üstünden geçýän ýol boýunça dikuçar meýdançasyna tarap ugrady hem-de ýüzugra bu künjegiň asyl durkuny saklan gözelligini synlady.Milli Liderimiz ulagy saklap, sähranyň belent gerişli alaňlaryny hem-de ösümlik dünýäsiniň gözelligini synlady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garagum sährasynda dermanlyk ösümlikleriň örän köp görnüşleri ösýär. Şolaryň bejeriş aýratynlyklarynyň ylmy taýdan öwrenilmegi häzirki wagtda möhüm wezipeleriň biridir. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik düýpli ylmy işiň awtory hormatly Prezidentimiz öz kitabynda sähranyň ösümliklerini netijeli peýdalanmagyň anyk ugurlaryny kesgitleýär.Milli Liderimiz Garagum sährasy boýunça ýoluny dowam edip, dikuçar meýdançasyna geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА, ПРЕДСЕДАТЕЛЬ ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА ОТБЫЛ НА СВЯЩЕННУЮ ЗЕМЛЮ МЕККИ
Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary
04.02.2020 | Milli Liderimiz möhüm desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy we atçylyk toplumlaryna baryp gördi
05.09.2019 | Türkmen edermen ýörite maksatly toparlaryň harby okuw-türgenleşigi geçirildi
15.12.2018 | Ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda Täze ýyl arçalarynyň yşyklary nur saçdy
09.12.2018 | Döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň gurluşygy bilen tanyşdy we Olimpiýa şäherçesine bardy