06.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Moskwa şäheriniň Şeremetýewo howa menzilinde Aeroflot awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilikli ýagdaýda gonmagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini aýdyp, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Kuba energiýa kömegini berer
Aeroflot semrän stýuardessalara bonus tölemeýär
Russiýadaky çempionatdan galan täsirler
Russiýa Ermenistan bilen Azerbaýjana howa gatnawlaryny täzeden ýola goýdy
Türkmen režimini tankyt eden türkmenistanly ýigit Moskwanyň aeroportunda saklandy
Çöliýewi Moskwadan Türkiýä ugratjak bolýarlar, maşgalasyna basyş edýärler (WIDEO)