Russiýa Ermenistan bilen Azerbaýjana howa gatnawlaryny täzeden ýola goýdy

Russiýa Ermenistan bilen Azerbaýjana howa gatnawlaryny täzeden ýola goýdy

Pandemiýa sebäpli arakesmeden soň, Russiýa şu gün Ermenistana we Azerbaýjana howa gatnawlaryny täzeden dikeltdi.

Howaýollary kompaniýalary hepdede iki gezek Moskwa-Baku aralygynda we hepdede dört gezek Moskwa-Ýerewan aralygynda howa gatnawlaryny gurap bilerler.

Russiýanyň “Aeroflot” awiakompaniýasy şu günden başlap Ýerewan şäherine hepdede dört gezek, 17-nji fewraldan başlap bolsa, Baku şäherine hepdede iki gezek howa gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Russiýa awgust aýyndan bäri koronawirus epidemiýasy sebäpli ýatyrylan howa gatnawlaryny kem-kemden täzeden ýola goýup gelýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Kuba energiýa kömegini berer
Aeroflot semrän stýuardessalara bonus tölemeýär
Russiýadaky çempionatdan galan täsirler
06.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmen režimini tankyt eden türkmenistanly ýigit Moskwanyň aeroportunda saklandy
Çöliýewi Moskwadan Türkiýä ugratjak bolýarlar, maşgalasyna basyş edýärler (WIDEO)