1-nji awgustda Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň öňünde geçiriljek protest näme üçin şowsuzlyga uçrady? (Okyjymyzyň haty)

1-nji awgustda Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň öňünde geçiriljek protest näme üçin şowsuzlyga uçrady? (Okyjymyzyň haty)

Hormatly redaksiýa,

Men bu barada öz pikirlerimi beýan etmegi makul bildim.

Sebäbi, men 1-nji awgustda Stambuldaky protest aksiýasynyň şowsuzlyga uçramagynyň sebäpleri meni hem gyzyklandyrýar.

Ilkinji nobatda bellemekçi zadym, Türkmenistanyň ilçihanasynyň türk häkimiýetleri bilen jebis hyzmatdaşlyk edýändigi hemmä aýan.

Elbetde, bu bir tarapdan halkara kanunlaryna laýyk gelýär. Çünki, diplomatiýa baradaky halkara ylalaşyklaryna görä, islendik döwlet öz çägindäki daşary ýurt konsullygynyň ýa-da ilçihanasynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge borçly.

Ikinji tarapdan,Türkmenistan ýaly tebigy baýlyklary ummasyz ýurtda milliýardlarça dollarlyk sermaýa ýatyran Türkiýe döwletiniň hoşniýetli gatnaşyklary maksat edip, soňky 30 ýylda örän seresaply syýasaty alyp barandygyny bilmeýän az bolsa gerek.

Belki, hut şonuň üçinde, “syýasatda dost ýok, diňe bähbitler bar” diýilýär.

Üçünjiden, Aşgabat babatda her näçe seresaply syýasaty alyp barmaga çemeleşsede, Ankaranyň türkmen raýatlaryna köp meselede eglişikler etmäge, kömek etmäge çalyşýandygyny hem hakykatyň hatyrasyna aýtmaly.

Türkiýe türkmen raýatlaryndan wiza talap etmeýän sanlyja ýurtlaryň sanawyna girýär.

Emma, Aşgabat Türk raýatlaryndan wiza talap edýär.

Men Türkmenistanda türmelerde oturan ýa-da dereksiz ýitirim edilen raýatlaryň tizden-tiz boşadylmygyny,Türkiýedäki müňlerçe migrantlaryň pasport we beýleki sosial meseleriniň çözülmegini, ýurtda ynsan hukuklarynyň depgilenmeginiň togtadylmagyny talap edip, 1-nji awgustda Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň öňünde geçiriljek bolunan protest aksiýanyň şowsuzlyga uçramagynyň esasy sebäpkärleriniň “ÝuTube” we beýleki sosial ulgamlar arkaly raýatlary proteste işjeň gatnaşmaga çagyranlar diýip oýlanýaryn.

Çünki,olar öz çykyşlarynda 1-nji awgustdaky protesti geçirmek üçin resmi rugsadyň alynandygy sebäpli çekinmäge hiç zadyň ýokdygyna raýatlary ynandyrdylar we işjeňlige çagyrdylar. Emma, olar protesti geçirmäge resmi rugsady alan haýsyda bir guramanyň adyny agzamadylar ýa-da rugsadyň alynandygy barada resminamany raýatlara görkezmediler.

Dördinjiden, ”DWT” lideri Myrat Gurbanow we beýlekiler Stambuldaky konsullygyň öňüne ýygnanmaga çagyrsalarda, ol ýerde raýatlary jemläp, protest gurnap bilmediler.

Proteste baranlar dagynyk ýagdaýda hereket etmeli boldular we polisiýa olary konsullygyň binasynyň öňünden uzaklaşdyranda,ol ýerä ýygnanan aktiwistleriň ýa-da özleriniň hak-hukuklaryny talap etmek islän adaty raýatlaryň ýanynda oppozisiýa lideriniň bolmandygyny olar aýdýarlar.

Şol günki proteste ýygnanmaga çagyryş edenleriň käbirini polisiýa ýygnan bolsa, käbiri yglan eden sagadynda konsullygyň öňüne barmady we hiç kime aýtman,ol ýerden ýitirim boldy diýýänler bar.

Iň erbedi hem, polisiýa raýatlary konsulhananyň öňünden uzaklaşdyrandan soňra türkmen häkimiýetleriniň tarapdary bolan hakyna tutulan şahslaryň gurnan prowokasiýasy netijesinde dörän ýumruklaşmada birnäçe raýat gazaply urlup-ýenjilip, olaryň birini “tiz kömek” keselhana alyp gidipdi.

Türkmen aktiwisti Farhad Durdyýew konsullygyň binasynyň içinde huşundan gidinçä depilip, gazaply ýenjildi, ikinji aktiwist Eziz Mämmedow hem uruldy, pyçak ýarasyny aldy we şäheriň çetdäki bir etrabynda köçä zyňlyp gidildi.

Emma, bu bikanun we eden-etdilikli wakalar dowam edýän wagtynda we jebir çekenleriň ýanynda proteste çagyryş edenleriň haýsyda biriniň bolmandygy örän gynandyryjy.

Netijede, 1-nji awgustdaky proteste çagyryş eden oppozisiýa wekilleriniň guramaçylyk işleriniň örän pes bolandygy üçin oňa gatnaşmak kararyna gelenleriň aglabasy özleriniň aldawa düşendigine ynanmaga başladylar.

Bu bolsa, häkimiýetleriň gurnan “oýnunyň” we olaryň tarapdary hasaplanýan şahslaryň prowokasiýasynyň has guramaçylykly bolup, proteste çagyryş edenleriň utulmagy netijesinde bulara ynanyp ilkinji gezek proteste çykanlaryň we beýleki aktiwistleriň gazaply urlup ýenjilmegine, jokrama yssyda birnäçe sagatlap sorag edilmegine we wagtlaýyn tussaghanada oturmaklaryna sebäp boldylar.

Eýse, 1-nji awgustda proteste goşulmaga çagyranlar goýberen ýalňyşlaryna düşünip, gazaply urlup-jenjilen, nähak saklanan, birnäçe günläp wagtlaýyn tussaghanada oturan raýatlardan ötünç sorap, dagy-duwara bular ýaly ýalňyşlyk goýbermejekdigine söz bermegi düşünmeýärmikä?

Ýa bolmasada, ähli günäni häkimiýetleriň we polisiýanyň üstüne atyp, özlerini “akja jüýje” etjek bolýarmykalar?

Gynansakda, bu sowallar entek jogapsyz galýar.

Emma,eger oppozisiýa wekilleri 1-nji awgustda aktiwist ýa adaty türkmen raýatlaryna edilen gazaply hüjümlerde fiziki şikes alanlara hukuk hem maddy kömegi bermegi ýa-da türkmen häkimiýetleriniň we olaryň hakyna tutulan tarapdarlarynyň bikanun hereketlerini Halkara jemgiýetçiligine subut edip, ynandyrmagy başarsalar, onda bu ýaňlyşlyklary üçin tankytlaryň birazajygam bolsa, kemelmegini gazanyp bilerdiler.

(“Türkmenistanyň Hronikasy” okyjymyzyň pikirlerine goşulmaýar)

The post 1-nji awgustda Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň öňünde geçiriljek protest näme üçin şowsuzlyga uçrady? (Okyjymyzyň haty) first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Aktiwistler Nýu-Ýorkda we Waşingtonda çykyş edip, türkmen syýasy tussaglarynyň boşadylmagyny talap etdi
Türkmenbaşyda ýüzlerçe adam azyk gytçylygyna garşy proteste çykdy
Türkmen häkimiýetleri Mansur Mingelowyň boşadylmagyna garamagy wada berdiler
Maryda ýaşaýjylar çörek bişirýän zawoduň öňünde protest geçirdiler
ABŞ-nyň Stambuldaky Başkonsullugynyň Öňünde Protest Ýörişi Geçirildi
Dagystanda Ysraýyldan gelen uçaryň gonandygy baradaky habardan soň dartgynlyk başdan geçirildi
Britaniýada Saglygy Goraýyş Işgärleri Hüjümleriň Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi