Britaniýada Saglygy Goraýyş Işgärleri Hüjümleriň Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi

Britaniýada Saglygy Goraýyş Işgärleri Hüjümleriň Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi

Britaniýanyň paýtagty Londonda, Premýer-ministrligiň öňünde bir ýere jemlenşen saglygy goraýyş işgärleri, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde öldürlen kärdeşlerini hatyralady we Gaza hüjümleriň gyssagly bes edilmegi üçin çagyryş berdi.

Britaniýanyň başda durmagynda ABŞ we Kanada ýaly birnäçe ýurtda iş alyp barýan lukmanlar, şepagat uýalary we saglygy goraýyş işgärleri, saglygy goraýyş guramalarynyň öňbaşçylyk etmeginde Londonda Premýer-ministrligiň öňünde bir ýere jemlenişdi.

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde öldürlen kärdeşleriniň suratlaryny göteren saglygy goraýyş işgärleri hüjümler gyssagly bes edilmeli üçin çagyryş berdi.

Protest ýörişinde “Azat Palestina”, “Hüjümler gyssagly bes edilsin” diýlip ýazylan şygarlar göterildi.

Protest ýörişine ozal Gaza işlän lukmanlar we şepagat uýalary hem gatnaşdy.

Hamasyň Kassam atly harby topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli operasiýa başladypdy.

Ysraýylyň harby goşuny hem Gaza Sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başlandygyny mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Protest Ýörişlerini Dowam Etdirýär
Aktiwistler harasadyň dördünji ýyl dönüminde protest çäresini geçirip, ýüzlenme bilen çykyş etdiler
Çehiýada we Çilide hökümete garşy protestler geçirildi
Meksikada ýangynyň ýüze çykmagy sebäpli 39 adam ýogaldy
Eýran: "Fransiýa zorlugy bes etmeli" diýdi
Britaniýada  Monarhiýa Garşy Protest Geçirildi