Dagystanda Ysraýyldan gelen uçaryň gonandygy baradaky habardan soň dartgynlyk başdan geçirildi

Dagystanda Ysraýyldan gelen uçaryň gonandygy baradaky habardan soň dartgynlyk başdan geçirildi

Russiýa Federasiýasynyň Dagystan Awtonom Respublikasynda, Ysraýyldan baran ýolagçy uçar sebäpli protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda başdan geçirilen hadysalarda 20 adam ýaralandy.

Mahaçkala howa menzilinde Ysraýyldan baran ýolagçy uçarynyň gonandygy barada habar alan onlarça adam howa menziline bardylar.

Ellerinde Palestinanyň baýdagyny göteren protestçiler Ysraýyla garşy şygarlar aýtdylar. Protestçiler ýolagçylaryň ýurda kabul edilmezligini we uçaryň Tel-Awiwe yzyna ugradylmagyny islediler.

Howa menzilinde howpsuzlyk çärelerini gören howpsuzlyk güýçleri bilen protestçileriň arasynda dartgynlyk başdan geçirildi. Wakalarda azyndan 20 adamyň ýaralanandygy, 60 adamyň göz tussaglygyna alynandygy mälim edildi.

Russiýanyň Awiasia agentligi howa menziliniň uçar saparlaryna 6-njy noýabra çenli ýapylandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Dagystanda Benzin Bekedinde Bolan Partlamada 27 Adam Ýogaldy
Putin Gazada başdan geçirilýän wakalar barada beýannama berdi
Putin: "Russiýada Gurhana hormatsyzlyk etmek jenaýatdyr" diýdi
Dagystanda Benzin Bekedinde Bolan Partlamada 35 Adam Ýogaldy
Hazaryň türkmen kenarynda düwlen maslyklarynyň ýüzlerçesi tapyldy
Türkmenistanyň çäginden Türkiýeden Özbegistana barýan ilkinji ýük otlusy geçdi, Türkmenistan ýene Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge taýýarlanýar, S7 Airlines Türkmenbaşa uçuşlarda türkmen raýatlary üçin PCR-barlaglaryny goýbolsun etdi