Putin Gazada başdan geçirilýän wakalar barada beýannama berdi

Putin Gazada başdan geçirilýän wakalar barada beýannama berdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Palestinada asuda ilatyň tapawut goýmadan öldürilýändigini belläp: "Ýüz müňlerçe bigünä adamyň tapawut goýmadan öldürilýän Gazada başdan geçirilýän elhenç wakalaryň hiç hili kanuny esasy bolup bilmez" diýip nygtady.

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Russiýa Federasiýasynyň Dagystan Awtonom Respublikasyndaky howa menzilinde Ysraýyldan baran bir uçar sebäpli protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda başdan geçirilen dartgynlyk bilen bagly geçirilen maslahatda çykyş etdi.

Ýakyn Gündogardaky wakalaryň Russiýa garşy ulanylmaga synanyşylýandygyny aýdan Putin: "Bu maksat bilen ýalanlary, öjükdirmeleri, çylşyrymly, agressiw psihologiki we maglumat elementlerini ulanýarlar" diýip belledi.

Wladimir Putin Ýakyn Gündogardaky täze krizisiň Ysraýyla garşy hüjüm bilen başlandygyny aýdyp: "Gynansagam jenaýatçylary we terrorçylary jezalandurmagyň ýerine köpçülikleýin jogapkärçilik ýörelgesiniň ar almak üçin ulanylýandygyny görýäris. Ýüz müňlerçe bigünä adamyň tapawut goýmadan öldürilýän Gazada başdan geçirilýän elhenç wakalaryň hiç hili kanuny esasy bolup bilmez" diýip nygtady.

Palestinadaky asuda ilat ýitgileri bilen bagly gynanjyny beýan eden Wladimir Putin: "Eli-ýüzi ganly çagalara, ýogalan çagalara, zenanlaryň we ýaşuly adamlaryň nähili ejir çekýändigini, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň nähili ölýändigini görýän mahalyň elbetde ýumrugyňyzy gysýarsyňyz we gözüňizden ýaş gelýär. Ony beýan etmegiň başga usuly ýok" diýip belledi.

Çykyşynda Dagystanyň Mahaçkala howa menzilinde başdan geçirilen wakalaryň üstünde durup geçen Putin: "Düýn gije Mahaçkalada başdan geçirilenler, sosial media bilen birlikde esasan hem Ukrainanyň territoriýasyndan, Günbatarly agentleriň ellerinden çykdy" diýip aýtdy.

Dagystanda ýaşaýan Tatlara (Dag Jöhitleri) hüjüm edip, Palestina ýardam berip bolmajakdygyny aýdan Putin: "Palestina kömek bermegiň ýeke täk ýoly, bu tragediýanyň arkasynda bolanlara garşy göreşmekdir. Biz Russiýa hökmünde ýörite harby operasiýanyň çäginde olara garşy söweşýäris. Hem özümiz hem-de hakyky azatlygy gözleýänler üçin söweşýäris" diýip belledi.

Putin, emosional hereketler bilen etmeli däldigini aýdyp: "Ýakyn Gündogarda we dünýäniň beýleki sebitlerindäki halklaryň başdan geçirýän tragediýalaryň arkasynda hakykatda kimiň bardygyny, öldüriji haosyň kimiň gurnaýandygyny, onda kimiň peýdasynyň bardygyna göz ýetirmelidiris. ABŞ-nyň häzirki ýolbaşçylary we olaryň şahalary, global durnuksyzlykdan iň köp peýdalanýanlardyr. Munuň netijesinde ganly girdeji gazanýarlar" diýip habar berdi.

Wladimir Putin ABŞ-nyň global güýç hökmünde gowşandygyny we şol sebäpli Russiýa bilen birlikde beýleki bäsdeşlerinde haosyň üsti bilen durnuksyzlyk döretmäge synanyşýandygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Dagystanda Ysraýyldan gelen uçaryň gonandygy baradaky habardan soň dartgynlyk başdan geçirildi
Putin: "Russiýada Gurhana hormatsyzlyk etmek jenaýatdyr" diýdi
Dagystanda Benzin Bekedinde Bolan Partlamada 27 Adam Ýogaldy
Dagystanda Benzin Bekedinde Bolan Partlamada 35 Adam Ýogaldy
Dagystan Türkmenbaşydan ugradyljak ilkinji ýük gämisi üçin öz portuny taýýarlaýar
Gurban Berdiýew Dinamonyň prezidentiniň geňeşçiligine bellenildi