1-nji iýundan başlap Türkmenistanda synag hökmünde hepdäniň penşenbe we şenbe günleri TürkmenabatGazojak we GazojakTürkmenabat, TürkmenabatAmyderýa we AmyderýaTürkmenabat, MarySerhetabat we SerhetabatMary ugurlary boýunça ýolagçy otly gatnawlary ýola goýlar. Bu barada Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, synag gatnawlary häzirki wagtda dünýäde ýaýran COVID-19 ýokanjynyň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak üçin bildirilýän talaplara laýyklykda amala aşyrylar. “Demirýollary” AGPJ-i hepdäniň çarşenbe we anna günleri AşgabatMaryTürkmenabat, penşenbe we şenbe günleri TürkmenabatMaryAşgabat, AşgabatDaşoguz ugry boýunça ýekşenbe güni, DaşoguzAşgabat ugry boýunça duşenbe güni öň ýola goýlan ýolagçy otly gatnawlarynyň amala aşyrylmagyny dowam etdirer. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gitjek raýatlar üçin şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap her gün AşgabatTürkmenbaşyAşgabat ugry boýunça ýörite ýolagçy otly gatnawlarynyň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär.
