10 aýda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 950 million dollara golaý boldy

10 aýda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 950 million dollara golaý boldy

2024-nji ýylyň 10 aýynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 950 million amerikan dollaryna golaý boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.

2024-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksportynyň umumy mukdary 848,5 million amerikan dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 53 million amerikan dollary möçberinde ýokarydyr. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň importynda 7-nji orny eýeledi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Özbegistandan import eden harytlarynyň we hyzmatlarynyň umumy bahasy 99,2 million amerikan dollaryna deň boldy.

Umumylykda 2024-nji ýylyň 10 aýynyň dowamynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 947,7 million amerikan dollaryna deň boldy. Netijede Türkmenistan Özbegistanyň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda 7-nji ýeri eýeledi.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 10 aýynda Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 54 milliard 367 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Şonuň 22 milliard 442 milliony eksportyň, 31 milliard 924 milliony bolsa importyň paýyna düşýär.

Mundan ozal 10 aýda 145 müňden gowrak türkmenistanlynyň Özbegistana syýahat edendigini habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-özbek gatnaşyklary gün tertibinde: Türkmenistanda özbek maýasy bilen açylan näçe kärhana bar
Türkmen migrantlary gazanç üçin Gazagystany saýlaýar, serhetden geçmek kynlaşýar
Türkmenabatda alyjylar we bazar administrasiýasy sygyr etiniň bahasynyň üstünde dawalaşdy
Ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça äşgär edilen sanlar ýurtdaky demografik meýillerden habar berýär
Ýanwar-sentýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $867,8 milliondan geçdi
Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi
10 aýda 145 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi