10 aýda 145 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi

10 aýda 145 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi

2024-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 145 müňden gowrak türkmenistanly syýahat etmek üçin Özbegistana bardy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

2024-nji ýylyň 10 aýynyň dowamynda Türkmenistan goňşy ýurda syýahat etmek üçin baran raýatlarynyň sany boýunça 5-nji orny eýeledi. Hasabat döwründe 145,1 müň türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi.

Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Özbegistana baran syýahatçylaryň umumy sany 6,5 milliona deň bolup, olaryň aglabasynyň Merkezi Aziýa döwletlerinden, hem-de Russiýadan gelýändigini görmek bolýar.Hususan-da, hasabat döwründe Täjigistandan 1 million 878 müň, Gyrgyzystandan 1 million 870 müň, Gazagystandan 1 million 267 mü hem-de Russiýa Federasiýasyndan 686 müň syýahatçy Özbegistana gelipdir. Şeýlelikde, bu ýurtlar Türkmenistan bilen bilelikde sanawda ilkinji bäşligi emele getirýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen migrantlary gazanç üçin Gazagystany saýlaýar, serhetden geçmek kynlaşýar
Türkmen-özbek gatnaşyklary gün tertibinde: Türkmenistanda özbek maýasy bilen açylan näçe kärhana bar
Türkmenabatda alyjylar we bazar administrasiýasy sygyr etiniň bahasynyň üstünde dawalaşdy
Ýylyň başyndan bäri 170 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi
Azerbaýjan Özbegistandan sowadyjylary import edýän ýurtlaryň başyny çekdi
10 aýda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 950 million dollara golaý boldy