Ýylyň başyndan bäri 170 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi

Ýylyň başyndan bäri 170 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi

2024-nji 11 aýynda 170 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.

Ýylyň başyndan bäri Özbegistana syýahat etmek maksady bilen baran raýatlarynyň sany boýunça Türkmenistan bäşinji orny eýeleýär. Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda jemi 171,2 müň türkmenistanly goňşy ýurda syýahat edipdir. Şeýle-de bu ugurda ilkinji bäşlikde Gyrgyzystan (2 million 123,3 müň), Täjigistan (2 million 123,1 müň), Gazagystan (1 million 385,5 müň) hem-de Russiýa Federasiýasy (741,2 müň) ýaly ýurtlaryň ady getirilýär.

Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Özbegistana gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň umumy sany 7,28 milliona deň bolupdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 18,8 göterim ýokarydyr.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 10 aýynda Türkmenistanyň raýatlarynyň 145,1 müňden gowragy Özbegistana syýahat edipdi. Şuny hasaba alsak, diňe soňky bir aýyň dowamynda 26,1 müňden gowrak türkmenistanlynyň syýahat etmek üçin Özbegistana barandygyny görmek bolýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen migrantlary gazanç üçin Gazagystany saýlaýar, serhetden geçmek kynlaşýar
Türkmenabatda alyjylar we bazar administrasiýasy sygyr etiniň bahasynyň üstünde dawalaşdy
Türkmen-özbek gatnaşyklary gün tertibinde: Türkmenistanda özbek maýasy bilen açylan näçe kärhana bar
Azerbaýjan Özbegistandan sowadyjylary import edýän ýurtlaryň başyny çekdi
Ilatyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezliginiň arasynda jaýlaryň diwarlarynda gara heň döreýär
Ýanwar-sentýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $867,8 milliondan geçdi